Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny düýpli özgerdip, ösen döwletleriň derejesine ýetirmeklik we milli puluň durnuklylygyny üpjün etmeklik döwletimiziň durmuşa geçirmäge meýilleşdirýän esasy wajyp wezipeleriniň hatarynda durýar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul edilmegi milli manadymyzyň hümmeti artyp, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň günsaýyn rowaçlyklara beslenmekligi üçin giň mümkinçilikleri döretdi.
«Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011—2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelere laýyklykda degişli kanunçylygy kämilleşdirmeklik, maliýe-karz syýasatyny we sanly tehnologiýalary ösdürmeklik, halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlygy giňeltmeklik babatda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesi halkymyzyň şu günki bolelin durmuşynyň, eşretli ýaşaýşynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda bank ulgamynda-da sanly ykdysadyýete geçmeklik üstünlikli alnyp barylýar we onuň programma üpjünçiligi taýýarlanylýar. Bank işleriniň sanlylaşdyrylmagy diňe bir müşderilere edilýän hyzmatlaryň möçberlerini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hilini ýokarlandyrmaga we munuň üçin sarp edilýän wagty tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Raýatlarymyza hödürlenilýän bank kartlarynyň nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, jemgyýetimize giňden ornaşandygyny bellemeli. Häzirki wagtda ýurdumyzyň çäginde «Altyn asyr», «Millikart», «Maşgala», «Goýum bank karty», «Owerdraft karty», şeýle hem halkara «VISA» we «MasterCard» bank kartlaryny peýdalanmak arkaly hasaplaşyklaryň ähli görnüşlerini ýerine ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Mundan başga-da, ilatyň erkin pul serişdelerini netijeli peýdalanmaklary we olaryň girdejilerini artdyrmaklary üçin depozit bank karty möhüm gural bolup hyzmat edýär.
Mähri MISEKOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.
Teswirler