Hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynda ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Çünki elektrik energetika pudagy ýurdumyzyň halk hojalygynda ýeke-täk elektrik energiýasyny öndürmek we ibermek bilen meşgullanýan pudak bolup, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu pudak diňe bir önümçilik-ykdysady meseleleri çözmek bilen çäklenmän, eýsem möhüm ýaşaýyş-durmuş ähmiýetli wezipeleriň çözülmegine gönükdirilip ösdürilýär.
Täze taryhy eýýamda Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň häzirki we ösüş maksatnamalarynda öňde goýlan wezipelere wagtynda abraý bilen hötde gelmek üçin energetika pudagynyň geljekki ösüşlerini kesgitlemek, şunuň bilen birlikde durmuşa geçirilmeli taslamalary tapgyrlara bölmek, energetika kuwwatlyklarynyň we dürli güýjenmeli elektrik geçirijileriniň gurluşygynyň depginini güýçlendirmegiň maddy-enjamlaýyn binýadyny kemala getirmek, bu taslamalary durmuşa geçirmek üçin ýerli we daşary ýurt maýadarlaryny çekmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Elektrik energetika pudagynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda uly ösüşler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň durmuş-ykdysady özgertmeleriniň ugry bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda energiýa howpsuzlygy üpjün edildi. Ýurdumyzyň elektrik stansiýalary türkmen tebigy gazynda işleýär. Paýtagtymyzda we welaýatlarda gurlan kuwwatly elektrik stansiýalary biri-biri bilen baglanyşykdaky ýeke-täk energiýa halkasyny emele getirýär.
Dünýädäki iri «Galkynyş» gaz känini senagat taýdan özleşdirmek pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak bilen baglanyşykly iň iri maýa goýum taslamalarynyň biri bolup durýar. Iri toplum TOPH gaz geçirijisini «mawy ýangyç» bilen üpjün eder. Bu ýerde täze gözleg we ulanyş guýularynyň gurluşygy dowam etdirilýär. Ine, ýaňy-ýakynda bolsa Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň barşynda «Galkynyş» gaz känine baryp gördi we bu ýerde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny mynasybetli tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň çäklerinde täze guýularyň gurluşygyna badalga berdi.
Energetika pudagyny has-da ýokary derejelere çykarmak ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan milli Liderimiziň belent başlangyçlary dowamat-dowam bolsun!
Taňyrberdi HALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.
Teswirler