“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

8-nji sentýabrda paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Däp bolşy ýaly, bu bäsleşik ýurdumyzyň baş baýramyna bagyşlanyp geçirilýär. Bu barada TDH habar berýär.

Her ýyl bu döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýär. Türkmen ýaşlarynyň aýdyň hem-de köpöwüşginli zehinleriniň gözden geçirilişi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan guraldy.

Bäsleşigiň deslapky etrap, welaýat tapgyrlaryny üstünlikli geçip, jemleýji tapgyra ýeten iň zehinli aýdymçylar üçin bu gözden geçiriliş ýaş zehinleriň sungat älemine barýan ýolunda badalga bolar.

Ine, şu gün hem “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji konsertinde ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan gelen ýaş zehinli aýdymçylaryň joşgunly aýdymlary ýaňlandy. Bäsleşige dürli döredijilik toparlarynyň aýdymçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, medeniýet işgärleri gatnaşdylar.

Paýtagtymyzyň “Aşgabat” aýdym-saz merkeziniň amfiteatrynda eziz Diýarymyzy, täze taryhy eýýamyň ägirt uly üstünliklerini, mähriban topragymyzyň gözelligini wasp edýän halk we estrada aýdymlary uly joşgun hem-de ruhubelentlik bilen ýaňlandy. Aýdymçylar nusgawy şahyrlarymyzyň sözlerine görnükli türkmen kompozitorlarynyň döreden, şeýle hem häzirki zaman kompozitorlarynyň aýdymlaryna täze äheň bermäge çalyşdylar. Bu aýdymlarda gadymy mukamlar häzirki döwrüň heňleri bilen sazlaşykly utgaşdy.

Ýeňijileri yglan etmek bu döredijilik bäsleşiginiň iň tolgundyryjy pursady boldy. Bäsleşigiň guramaçylary bu çäräniň ýaş zehinleriň barha köp sanlysyny öz hataryna çekýändigini hem-de olaryň hünär ussatlyklarynyň derejesini görkezýändigini aýratyn nygtadylar. Olar öz aýdymlary we sazlary bilen mähriban Watanymyzy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylan üstünlikleri ussatlyk we joşgun bilen wasp etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň diplomlaryna we baýraklaryna mynasyp bolan ýeňijiler yglan edildi. Olar bu sylagy diňe bir beýik hormat we jogapkärçilik däl, eýsem, umumadamzat gymmatlygyna eýe bolan özboluşly milli aýratynlyklarymyz bilen bir hatarda durýan sungatyň dörediji we birleşdiriji wezipesiniň ýene bir subutnamasy hökmünde kabul edýändiklerini bellediler.

Azamat Hamraýew,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok