DOSTLUGY DABARALANDYRJAK KITAP

Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgelerimizi, edip-gylymlarymyzy, däp-dessurlarymyzy ylmy taýdan öwrenmek, olary ýaşlara ýetimekde Gahryman Arkadagymyz biziň her birimize görelde mekdebi bolup durýar. Günleri biri-birinden zyýada gelýän bagtyýarlyk döwrümizde garşy alýan günlerimiziň her biri Gahryman Arkadagymyzyyň saýasynda ajaýyp wakalara beslenýär. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramyna zähmet üstünlikleri bilen barýan günlerimizde öz halkynyň bagtly hm-de eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda bimöçber aladalary edýän Gahryman Arkadagymyz watandaşlarymyza özüniň Şa serpaýyny ýapdy. Ýagny milli ýörelgelerimiziň dabaralanmasy bolan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyny sowgat etdi. Bu kitap biziň her birimiziň ýan kitabymyza öwrüldi. On iki bölümden ybarat bolan kitabyň her bölüminde halkymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelen ajaýyp ýol-ýörelgeleri hakda düýpli gürrüň edilýär. Bölümleriň her birinde öňe sürülýän pikirler milli duýgular bilen delillendirilip, ýagşy arzuw-dilegler bilen jemlenýär. «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly», «Zeminiň abatlygy – ýaşaýşyň ebediligi», «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar», «Saglyk – abatlyk», «Zähmetsöýerlik – gaýratlylygyň gözbaşy», «Myhmansöýerlik», «Dostluk – asylly ýörelge», «Ynsaplylyk», «Agzybirlik», «Durmuşyň kadasy – paýhas pendi», «Ýoluňyza rowaçlyk nur saçsyn!», «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» ýaly bölümleriň her biri halkyň aň kämilliginiň, pähim-paýhasynyň dürdänelerinden söz açýar.

Milli ýörelgelerimizi dünýä ýüzünde dabaralandyrýan, ýurdumyzyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak ugrunda döwletli başlangyçlary durmuşa geçirýän milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby adamzadyň durmuş tejribesine kämil garaýyş baradaky söhbediň beýanydyr» diýlip, neşiriň annotasiýasynda aýdylýar. Gadymy çeşmeleri adamzadyň şu günki dostana hem-de özara bähbitli gatnaşyklarynyň dabaralanmagyna, ynsanperwer ýörelgeleriň dowam etmegine gönükdirilmegi bu kitabyň şu gün we geljek üçin ähmiýetini aýdyň görkezýär.

Kitabyň döwletimizde gymmatly hazyna hökmünde görülýän adam saglygyna, ýurdumyzyň geografiki gurluşynyň halkymyza eçilen ajaýyplyklaryna, owadan tebigatymyzyň goýnunda bitýän dermanlyk ösümliklerine bagyşlanylan bölümi aýratyn bellärliklidir. Gözel Diýarymyzyň tebigatyň bagt eçilen künjeginde ýerleşmegi baradaky guwandyryjy jümleler we ýurdumyzda adam saglygyna berilýän aýratyn ünsüň pugtalanýandygy baradaky maglumatlar bölümiň dowamynda öz beýanyny tapypdyr. Muny Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýurdumyzda ynsan saglygyny gorap saklamagyň döwrebap ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagy barasyndaky aladalarymyz bu ugurda edilýän işlerde öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda saglygy goramak işi ulgamlaryň döwrebap, netijeli iş alyp barmaklary arkaly üpjün edilýär» diýen parasatly sözlerinde görmek bolýar. Bulardan başga-da, Abu Nasyr al Faraby, Abdulla Merwezi, Mahmyt Zamahşary, Döwletmämmet Azady we Magtymguly Pyragy ýaly söz ussatlarynyň okyjynyň ruhuny galkyndyrýan, ýüreklerde ýaşaýşa, zähmete, ylym-bilime bolan söýgini oýarýan täsirli sözleri kitabyň içinden eriş argaç bolup geçýär. Bu beýik şahsyýetleriň dana pikirleriniň esasyny düzýän ylym-bilim düşünjesi ýurdumyzda häzirki wagtda milli Liderimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýokary derejede ösüşlere sary ilerleýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz täze kitabynda şeýle belläp geçýär: «Häzirki döwürde biz Watanymyzyň beýik üstünlikleriň binýadyny ylym-bilimiň ösüşlerinde görýäris. Ýurdumyzyň geljegi adamlardadyr, olaryň döredijilik ukybyndadyr diýmek bilen, biz ylym-bilim ulgamyndaky netijeli işiň derwaýysdygyny nazara alýarys. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň döwrebap ösüşi baradaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir». Döwrebap bilim ulgamynyň durmuşymyza ornaşdyrylmagy, elbetde, döwletimiziň ençeme ugurlarynda öňegidişlikleriň gazanylmagyna giň ýol açdy.

Halkymyzyň medeni we ruhy taýdan galkynmagyna uly ýardam edýän bu kitapda taryhy maglumatlaryň giňişleýin berilmegi, kitabyň çeperçiligini has-da artdyrypdyr. Şeýlelikde, nesilbaşymyz Oguz hanyň, Gorkut atanyň, Jelaleddin Meňburnuň we beýleki taryhy şahslaryň watançylyk duýgusyna ýugrulan jümleler eseriň mazmunynda öz beýanyny tapypdyr. Kitabyň öňe sürýän ideýasynyň esasy aýratynlyklarynyň biri hem okyjyny gadymyýetiň jümmüşine aralaşdyrýan wakalaryň we maglumatlaryň häzirki bagtyýar zamanamyz bilen utgaşdyrylyp berilmegidir. Bulara mysal edip, Ahal welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän gadymy dolandyryş merkezi bolan Parfiýa imperiýasynyň, Uzboý akabasynyň hanasynyň ugry bilen Garagum çölünde gurlan «Altyn asyr» Türkmen kölüniň, Gökdepe galasynyň, gadymy Yzgant obasynyň, taryhyň gatlarynda öçmejek yz goýan Beýik Ýüpek ýolunyň, Köpetdagy etekläp oturan Kesarkajyň gadymy düzi, gündogaryň suw akabasy bolan Amyderýanyň gözel tebigaty hem-de bu ýerleriň taryhy we şu wagtky ýagdaýlary baradaky berlen  maglumatlary görkezmek bolar.

Suhangöýlük, ugurtapyjylyk, akylly pikirlenip bilmeklik ýaly täsirli sungatlar  okyjyda aýratyn we üýtgeşik täsir galdyrýar. Kitabyň «Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym» atly soňky bölüminde berlen gyzykly gysgajyk rowaýatlar şeýle sungatlara esaslanandyr. Halkymyzyň arasynda gadymdan gelýän aýtgylar, käbir ýaňsa alnyp ulanylýan sözler, tanymal söz ussatlary Myraly we Soltansöýün baradaky rowaýatlar okyjynyň ünsüni özüne çekýär.   

Halkymyzyň milli ýörelgeleri, edebi çeşmelere siňen pähim-parasaty umumadamzat gatnaşyklarynda üns bererlikli derejededir. Geçmişde halklar bilen halklary, ýurtlar bilen ýurtlary agzybirlikli gatnaşykda bolmaga we ykdysady hyzmatdaşlygy alyp barmaga giň mümkinçilik beren Beýik Ýüpek ýoly hut türkmen topragynyň çäklerini öz içine alypdyr. Bu babatda giňişleýin maglumatlar hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji we ikinji kitaplarynda beýan edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirildi. Şeýle şöhratly taryha eýe bolan türkmen halkynyň milli mirasynyň gory egsilmezdir. «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitapda edebi ýazgylaryň, ylmy garaýyşlaryň we halk döredijiliginiň gymmatly çeşmelerine ýüzlenilmegi diňe halkymyzyň däl, umumadamzat gymmatlyklaryna aýdyň göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Hut şeýle bolansoň, giň okyjylar köpçüligi neşiriň her bölüminiň aýratynlykda uly bir kitaplyk mana eýedigine göz ýetirýärler.

Hormatly Prezidentimiziň  ähli kitaplary bilen birlikde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» hem bu günki gün diňe bir türkmen dilinde neşir edilmän, daşary ýurtly okyjylar üçin niýetlenip daşary ýurt dillerine neşir edilýär. Ine, ýakynda hem bu kitaýbyň ýapon dilindäki nusgasy neşir edildi. Bu iki halkyň arasyndaky dostlugy, medeni gatnaşygy pugtalandyrjak edebi gollanma boldy. Bu ajaýyp kitaby dünýäniň iň bir köp halkly ýurduň diline neşir edilmegi, olaryň hem milli gymmatlyklarymyzy, ýörelgelerimizi öwrenmeklerine giň mümkinçilik döredýär.

Noýabr aýynyň 19-da Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalary uniwersitetinde «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň ýapom dilindäki neşir edilen nusgasyny tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ýurdumyzyň şanly Bitaraplagynyň 25-ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasyna halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri, daşary ýurtly wekilleri, ýokary okuw mekdepleriň professor mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen dabaranyň dowamynda çykyş edenler häzriki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ösdürilişi barada giňişleýin belläp geçdiler.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Soňky ýyllarda iki ýurduň Liderleriniň tagallasy bilen, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna oňaýly itergi berýän hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary yzygiderli ösdürilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýapon diline terjime edilen ähli kitaplarynyň, şol sanda «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynyň hem taryhy asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän iki dostlukly ýurduň ylmy we medeni baýlygyna öwrüljekdigine ynanýarys.

Goý, dünýäde  parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi,   sagdynlygy, ruhubelentligi, açyk gapylar syýasatyny dabaralandyrmakda beýik işleri alyp hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlykara beslensin!

.

Aziz Daşgynow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

 

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok