Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Salman Bin Hamad Al Halifany Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministri wezipesine bellenmegi mynasybetli gutlady. Bu barada TDH habar berýär.
Türkmen baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Bahreýn Patyşalygynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we Bahreýniň doganlyk halkynyň parahatçylygynyň, abadançylygynyň hem-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan döwlet işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Teswirler