Türkmen ýaş küştçi Gata Kamskini 2 gezek ýeňdi

Ýaňy ýakynda 17 ýaşly türkmenistanly küştçi Allaýar Şirliýew ABŞ-nyň küştçisi, dünýä belli grossmeýster Gata Kamskini blits görnüşinde iki oýunda ýeňmegi başardy. Häzirki wagtda halkara bäsleşikler onlaýn görnüşde geçýär. Körpe küştçi bu bäsleşiklere yzgiderli gatnaşýar.

Ýakynda Germaniýanyň Bundesliga kluby tarapyndan halkara ýaryşy başlandy. Bu ýaryşa 20 golaý döwletden 100-den gowrak küştçi gatnaşdy. Ýaryşyň bijesi kompýuter arkaly atylyp maglumatlar oýunçylara ýetirildi. Bu halkara ýaryşa Türkmenistandan 17 ýaşly ussat küştçi Allaýar Şirliýew gatnaşýar. Ýaňy ýakynda Allaýar ABŞ-nyň küştçisi, dünýä belli grossmeýster Gata Kamskini blits görnüşinde iki oýunda hem ýeňmegi başardy.

“Akylyň ajaýyp maşky” diýip at alan küşt oýny uly meşhurlyga eýedir. Häzirki günlerde ýer şarynyň küştçileri onlaýn usulynda geçirilýän ýaryşlara gatnaşýarlar. Türkmen küştçileri hem bütindünýä küşt olimpiýadasyna, halkara ýaryşlarynda onlaýn oýnamaklaryny dowam etdirýärler we guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Ozal habar berişimiz ýaly Allaýar ABŞ-nyň tanymal grossmeýster küştçisi Nakamura Hikaruny hem 15 göçümde utupdy.

Maýsa Öwezowa

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok