Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Bu syýasat parahatçylygy, özara hormaty, ynanyşmagy we döwletleriň arasynda netijeli dialogy ösdürmäge gönükdirilendir. Şu nukdaýnazardan, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän halkara forumlar aýratyn ähmiýete eýedir.
«Awaza» halkara forumlary dürli döwletleriň we halkara guramalaryň wekillerini bir ýere jemläp, dünýä we sebit ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berýär. Bu ýerde geçirilýän duşuşyklarda ulag, energetika, ekologiýa, ykdysadyýet, medeniýet we durnukly ösüş ýaly möhüm ugurlar boýunça pikir alşylyp, hyzmatdaşlygyň täze ýollary kesgitlenýär.
2022-nji ýylda Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň geçirilmegi sebitde dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm waka boldy. Şeýle duşuşyklar döwletleriň arasynda ynamy berkitmäge we umumy maksatlara ýetmäge ýardam edýär.
2025-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Bu iri halkara forumda ulag, söwda, sanly ykdysadyýet we durnukly ösüş meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatyň netijesinde «Hereketleriň Awaza maksatnamasy» kabul edildi.
Awazada geçirilýän halkara forumlar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň iş ýüzündäki ähmiýetini görkezýär. Bu çäreler ýurdumyza dürli garaýyşlary birleşdirmäge, parahatçylykly başlangyçlary öňe sürmäge we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär.
«Awaza» halkara forumlary Türkmenistanyň bitarap daşary syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine giňden tanadýan, döwletleriň arasynda dialogy we özara düşünişmegi pugtalandyrýan möhüm halkara meýdançadyr.
Nurguly SARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň mugallymy.
Teswirler