«Awazada» geçirilen halkara çäreler — Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygynyň täze mümkinçilikleri

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy häzirki wagtda diňe bir dynç alyş merkezi bolman, eýsem, halkara hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biri hökmünde hem tanalýar. Bu ýerde dürli halkara forumlaryň, maslahatlaryň, sammitleriň we medeni çäreleriň geçirilmegi Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklaryny ösdürmäge giň mümkinçilik berýär.

Awazada döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklary, ulag we maýa goýum forumlary, medeni festiwallar hem-de ynsanperwer maslahatlar geçirilýär. 2022-nji ýylda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn sammitiniň geçirilmegi sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ädim boldy. Bu duşuşykda syýasy, ykdysady, energetika we ulag ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

2025-nji ýylyň awgust aýynda Awazada Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty geçirildi. Oňa 100-den gowrak ýurduň we 50-ä golaý halkara guramasynyň wekilleri gatnaşdy. Maslahatyň netijesinde ulag, söwda, sanly ykdysadyýet, energetika we durnukly ösüş boýunça möhüm wezipeleri öz içine alýan «Hereketleriň Awaza maksatnamasy» kabul edildi.

Awazada geçirilen halkara maýa goýum forumlary hem Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine tanyşdyrmaga ýardam edýär. Şeýle çäreleriň dowamynda daşary ýurtly maýadarlar bilen täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýulýar, dürli pudaklarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin şertler döredilýär.

«Awaza — 2023» halkara tans we folklor festiwaly ýaly medeni çäreler bolsa halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmäge, Türkmenistanyň milli medeniýetini dünýä tanatmaga we medeni alyş-çalşygy ösdürmäge mümkinçilik berýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy Türkmenistanyň halkara diplomatiýasynyň, ykdysady hyzmatdaşlygynyň we medeni gatnaşyklarynyň möhüm merkezine öwrüldi. Bu ýerde geçirilýän halkara çäreler ýurdumyzyň abraýyny ýokarlandyrýar, täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini açýar we Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny dünýä jemgyýetçiligine aýdyň görkezýär.


Nurguly SARYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň
Maglumat ulgamlarynyň howpsuzlygy fakultetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok