Aşgabatda Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmäge gönükdirilen milli hünärmenleri taýýarlamak boýunça okuw maksatnamasy geçirildi. Okuwlar BMG-niň Ösüş maksatnamasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bilelikde guraldy.
Maksatnama döwlet edaralarynyň, Mejlisiň, bank ulgamynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de degişli ýokary okuw mekdepleriniň 35-den gowrak wekilini bir ýere jemledi. Gatnaşyjylar köptaraplaýyn söwda ulgamynyň işleýiş ýörelgelerini we mehanizmlerini öwrenýärler.
Okuwyň esasy maksady milli hünärmenleriň BSG-niň hukuk kadalaryndan netijeli peýdalanmak boýunça bilimlerini we başarnyklaryny ösdürmekden ybaratdyr. Bu taýýarlyk milli öndürijileriň bähbitlerini goramak, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we azyk howpsuzlygyny berkitmek ýaly ugurlary öz içine alýar.
Okuw sapaklarynda söwda gepleşiklerini alyp barmak, bikanun bäsdeşlikden goraglylygy üpjün etmek we halkara söwda jedellerini çözmegiň usullaryny ulanmak ýaly amaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda diplomatlar we talyplar üçin ýörite umumy okuw sapagyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň dowamynda bilermenler BSG-a üstünlikli goşulan ýurtlaryň tejribesini we degişli amaly mysallary seljererler.
Bu okuw maksatnamasy halkara söwda hukugy boýunça milli hünärmenleriň we hukukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine has giňden goşulyşmagy üçin zerur bilim binýadyny döretmäge gönükdirilendir.
Mekan ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby.
Teswirler