«Awazada» Amyderýa we Syrderýa suw serişdelerini paýlamak boýunça ylalaşyk gazanyldy

7-nji oktýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň (AHHG​) Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň (DUSHT​) 95-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň guramagynda geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D​.M​. Genjiýew​ ýolbaşçylyk etdi.

Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Suw serişdeleri we irrigasiýa ministri N​.M​. Nuržigitow​, Özbegistan Respublikasynyň Suw hojalygy ministri Ş​.R​. Hamraýew​ hem-de Täjigistandan D​.A​. Abdurazokzoda​ gatnaşdy. Şeýle-de «Amyderýa» we «Syrderýa» howdan suw hojalyk birleşikleriniň hem-de Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri duşuşyga gatnaşdylar.

Mejlisiň esasy netijeleriniň biri suw serişdeleriniň paýlanşygy​ we 2026–2027-nji​ ýyllaryň ösümlikleriň ösüş döwründe Amyderýa hem-de Syrderýa derýalarynyň suw howdanlarynyň kaskadlarynyň​ çaklanylýan iş tertibini tassyklaýan teswirnama gol çekilmegi boldy.

Geçen ösüş döwrüniň netijeleri jemlenende, gatnaşyjylar degişli edaralaryň sazlaşykly hyzmatdaşlygynyň oba hojalyk ýerlerini zerur suw bilen üpjün etmäge we sebitiň ekoulgamlaryny gorap saklamaga ýardam berendigini bellediler.

Duşuşykda sebitde suw serişdelerini dolandyrmakda sanly tehnologiýalaryň ähmiýeti hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, «Amyderýa» we «Syrderýa» howdan suw hojalyk birleşikleriniň gidrologik gözegçilik nokatlaryny awtomatlaşdyrmak, häzirki zaman ölçeg ulgamlaryny ornaşdyrmak we suw serişdeleriniň hasabyny takyk ýöretmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu ugurdaky işlere Bütindünýä bankynyň 20 million ABŞ dollary möçberindäki grant maliýeleşdirmesi bilen goldanylýan CAWEC​ taslamasy ýardam berýär. Taslama suw serişdeleriniň hasaba alnyşyny sanlylaşdyrmagyň we serhetüsti suw infrastrukturasyny ösdürmek boýunça bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy maksat edinýär.

Şeýle hem derýalaryň suw akymyndaky ýitgileri azaltmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar esasy kollektorlary​ döwrebaplaşdyrmak, damjalaýyn suwaryş​ giňden ulanmak we suwaryş akabalaryny betonlamak ýaly çäreleriň ähmiýetini bellediler.


Oguljeren AÝMUHAMMEDOWA,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň mugallymy
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok