Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dana, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy dünýä medeniýetine uly goşant goşan, ynsanperwerligiň, ata Watana söýginiň, umumadamzat gymmatlyklaryna hormatyň tükeniksiz çeşmesidir. Häzirki döwürde beýik akyldaryň döredijiligini giňden wagyz etmek boýunça medeni hyzmatdaşlygyň ösmegine möhüm orun berilýär. Şahyryň hormatyna paýtagtymyzda bina edilen, beýikligi 60 metr bolan ýadygärlik hem onuň edebi mirasynyň umumadamzat üçin örän ähmiýetlidigini alamatlandyrýar.
Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylyň 11-nji oktýabrynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň esasy wakalarynyň biri bolmak bilen, birnäçe ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýokary wekilçilikli forum dünýäniň habar beriş serişdeleriniň ünsüni-de özüne çekdi.
Dünýäniň ençeme iri halkara habarlar agentlikleri, maglumat-seljeriş portallary, teleýaýlymlar we köp sanly internet saýtlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Eýranyň, Ermenistanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Türkiýäniň «Anadolu Ajansi» habarlar agentlikleri, Russiýanyň «ТАСС» we «PИA Новости», «Россия 24» teleýaýlymy, Hytaýyň «CGTN» halkara habarlar teleýaýlymy bu geçirilen iri forumy öz sahypalarynda giňişleýin şöhlelendirdiler. Has takygy, «CGTN» teleýaýlymynyň habarlar saýtynda “Magtymguly öz eserlerinde adalatlylyk, dostluk, Watana söýgi we agzybirlik baradaky pikirleri beýan eden şahyrdyr” diýlip bellenilip geçilýär. «МИР» döwletara teleradiokompaniýasynyň habar beriş serişdelerinde bu forumyň ýokary guramaçylygy, netijeli häsiýete eýe bolan işi, onda beýan edilen pikirler hem-de forumyň çäklerinde geçirilen duşuşyklar barada giňişleýin maglumatlary berildi.
Daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bu halkara forumyň sebit hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsir etjekdigini belläp, özara gatnaşyklaryň köpýyllyk tejribesiniň medeni gatnaşyklary has hem pugtalandyrmaga ýardam berjekdigini aýtdylar. Iri neşirler halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, akyldar şahyrymyzyň mirasyny dünýä ýaýmakda uly işleriň ýola goýlandygy barada hem ýazdylar. Beýik türkmen şahyrynyň baý edebi mirasynyň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, bu ugurda hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen halkara forumyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ata Watanymyzyň şöhratly taryhynda möhüm wakadygyny buýsanç bilen nygtamak bolar.
Firuza DOSÇANOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.
Teswirler