Sanly ykdysadyýetiň sansyz mümkinçilikleri

Ynsan beýnisi kämilleşdigiçe durmuşymyz ýeňilleşýär, wagtymyz tygşytlanýar. Sanly ykdysadyýetiň ýurdumyza ornaşdyrylmagy hem biziň durmuşymyzda uly täzelikleriň biri boldy. Öňler bank töleglerini etmek ýa-da söwda hasaplaşyklary üçin nobata durup kösenilýän bolsa indi öýden çykmazdan sanly ulgamyň kömegi bilen islendik tölegi töläp bolýar. Onlaýn marketleriň eýýäm birnäçesiniň hereket etmegi hem ýurdumyzda raýatlaryň durmuşyny gowulandyrmak üçin döredilýän mümkinçiliklerdir.

Islendik pursatda özüniň tagamly hem gyzgynjak naharlaryny hödürleýän, gysga wagtda öýlere getirýän hyzmatlaryň hem ýola goýulmagy öý bikelerini has begendirýär. Ene-atalaryň çagalar bagynyň tölegini hem indi öýden çykmazdan töläp bilmegi sanly ulgamyň ynamly ädimler bilen öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Umuman Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda sanly ykdysadyýeti ýurdumyza ornaşdyrmak barada uly işler alnyp barylýar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän “Watan diňe halky bilen Watandyr” diýen adyl şygarynyň aýdyň beýanydyr.

Il-halkyny baky bagtyýarlygyň goýnunda ýaşadýan, okamaga, işlemäge, döretmäge giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç alsyn.

Garaýman ATABAÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we
informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok