Türk potratçylary Türkmenistanda 51 milliard dollarlyk taslamany durmuşa geçirdiler

Türkiýäniň wise-prezidenti Jewdet Ýilmaz Aşgabatda geçirilen 10-njy Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisiniň açylyş dabarasynda türk potratçylarynyň Türkmenistanda 51 milliard dollarlyk 1080 taslamany durmuşa geçirendigini mälim etdi.

Şeýle hem, soňky döwürde Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn söwdanyň ep-esli ýokarlanandygyny belläp, J.Ýilmaz Türkiýäniň Türkmenistana eksport etmek boýunça ikinji orunda, import etmekde bolsa birinji orunda durýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Wise-prezidentiň aýtmagyna görä, geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard amerikan dollaryndan geçdi.

Wise-prezident «Biz 5 milliard dollarlyk söwda mukdaryna mümkin boldugyça çalt ýetmäge çalyşýarys» diýip, belläp geçdi.

Mergen GURBANNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok