“Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň çäginde argatnaşyk ulgamyna degişli ylmy maslahat geçirildi

Ýakynda bolup geçen “Türkmentel-2023” atly XVI halkara serginiň çäginde argatnaşyk ulgamyna degişli ylmy maslahat hem geçirildi. Bu ylmy maslahat günüň ikinji ýarymynda geçirilip oňa işewürler, hünärmenler, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň alymlary gatnaşdylar.

Ylmy maslahatyň başynda ilki bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa – Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş kommisiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana sanly ulgam arkaly öz gutlagyny aýtdy. Halkara derejesinde geçirirlen forumyň açylyş dabarasynda HEB-niň GDA  ýurtlary üçin sebit bölüminiň direktory Natalýa Maçu, GDA-nyň Aragatnaşyk boýunça sebit arkalaşygynyň Baş direktory Nuriddin Muhitdinow hem-de birnäçe döwletleriň wekilleri çykyş etdiler.

Internet we aragatnaşyk ulgamynda kiberhowpsuzlygyny ösdürmek, sanly tehnologiýalara geçmek,  IP ulgamyny, howpsuzlyk babatynda hyzmatdaşlygy artdyrmaga gönükdirilen teklipler we pikir alyşmalarylmy maslahatyň esasy temalarynyň biri boldy.

Halkara forumyň ahyrynda ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy artdyrmak, öňde goýulan we maslahat edilen ugurlarda ähliumumy işleri taýýarlamaga gönükdirilen resminamalara gol çekildi.

Çemen Mämmetgulyýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok