Öňdebaryjy içerki we daşary ýurt IT kompaniýalary «Türkmentel-2023» sergisine gatnaşdylar!

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen «Türkmentel-2023» telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we ýaýlym enjamlary XVI Halkara sergi we ylmy maslahaty öňdebaryjy içerki we daşary ýurt IT kompaniýalaryny hödürlemek üçin netijeli tanyşdyryş meýdançasyna öwrüldi.

Ýurdumyzdan bu halkara sergä we ylmy maslahata Türkmenistanda ilkinji milli antiwirus programmasyny döreden «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk paýdarlar jemgyýeti, iki ýyl bäri web-saýtlary we ykjam programmalary ösdürmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýän «WEB-ULGAM» IT kompaniýasy, IT infrastrukturasyndaky üstünlikli işleri bilen tanalýan «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýeti we beýlekiler gatnaşdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Türkmentel-2023» telekommunikasiýalar, telemetriýa, maglumat tehnologiýalary we ýaýlym enjamlary XVI Halkara sergisiniň we ylmy maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzda telekommunikasiýalar pudagynyň täzelikleri hem-de ugurlary bilen tanyşmaga gowy mümkinçilik döretdi.

Eziz AMANNAZAROW,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok