Suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjy alyndy

Türkmenistanyň alymlary ilkinji bolup suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny aldylar. Bu barada, 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçirilen «Türkmenistanyň nebiti we gazy 2023» Halkara maslahatynda bellenilip geçildi.

Wodorod energetikasy merkeziniň barlaghanasynda suwy elektroliz etmek arkaly wodorod ýangyjyny almak boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar, tejribe desgasyny ulanmak boýunça usuly gollanma taýýarlanylýar. Otag temperaturasynda we kadaly atmosfera basyşynda geçirilen barlaglaryň netijeleri boýunça elektroliziň reaksiýasy oňyn netije berdi.

Belläp geçmeli zatlaryň biri hem, maslahatyň barşynda energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşiniň çeşmesi hökmünde wodorod ýangyjyna aýratyn üns berildi. Bilermenleriň bellemegine görä, häzirki wagtda howanyň üýtgemegi meselesini çözmekde geljegiň ýangyjy bolan wodorod wagyz edilýär. Senagat önümçiliginde bug gazlaryny emele getirmezden ýylylyk bilen üpjün edip bilýär, çünki wodorodyň ýylylyk bölüjiligi ýangyjyň beýleki görnüşlerinden 3 esse ýokarydyr. Mundan başga-da, energiýa toplaýjy hökmünde ulanyp bolýar.

Şeýle hem energetika tehnologiýalarynyň infrastrukturasyndaky innowasiýalar mynasybetli wodorod barha täze bazarlary özleşdirip başlady. Munuň üçin energetika toplumynda bar bolan meseleleri çözmäge ukyply hünärmenler zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, maslahatyň mejlislerinde ýokary hünär taýýarlykly hünärmenleri taýýarlamak, şol sanda nebitgaz pudagyny ösdürmekde ylmy-barlaglaryň we tejribe gurnaýyş işleriniň geçirilmegiň zerurlygy bellenildi.

Agamyrat WELMYRADOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok