Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti kemala getirmekde iň täze we döwrebap tehnologiýalara esaslanylýar. Sanly ykdysadyýetiň durnukly ösmeginde ýurduň tutuş ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynyň sazlaşykly ösüşi uly ähmiýete eýedir. Sanly intellektual tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar. Bu ulgamyň esasy maksady has köp zähmeti talap edýän işleri awtomatlaşdyryp, maliýe we ykdysadyýet ulgamynyň işiniň tizligini we dessinligini artdyrmakdan, býujeti taýýarlamak, ýerine ýetirmek we hasabaty düzmek işine gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenýän maglumatlaryň netijeliligini, dürslügini, takyklygyny we şunuň netijesinde hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şunda ykdysady ugurdan bilim alýan talyplara ykdysadyýetde möhüm ähmiýete eýe bolan dolandyryş hasaba alnyşyny dogry amala aşyrmagy, awtomatlaşdyrylan maglumat ulgamy bilen işlemegi döwrebap derejede öwretmek bilim ulgamynyň esasy wezipeleri hökmünde öňe çykýar. Ykdysady subýektiň hasaba alnyşy şol ýa-da başga görnüşde döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamynda diýen ýaly bardyr. Nazaryýet derejesinde hojalyk ulgamynda dolandyryş hasaba alnyşyň özboluşly kesgitli alamatlary bardyr.
Sanly ykdysadyýet sanly maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň peýdalanylmagyna esaslanýan ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy bolmak bilen, ol wagtyň we harajatlaryň tygşytlanylmagy bilen bir hatarda, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynyň hem-de durmuş ulgamynyň maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda bu konsepsiýany durmuşa geçirmek boýunça ähli möhüm ugurlar boýunça işler giňden ýaýbaňlandyryldy.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ykdysady özgertmeleri netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň sanly ulgama geçmegi, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak esasynda durmuşa geçirilýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş seritlerini gowulandyrmaga we ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen özgertmeleri geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt ähmiýetli işleri mundan beýläk-de rowaçlansyn!
Jumagözel TOHTAMYŞOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.
Teswirler