Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Täze taryhy eýýamda gazanýan üstünliklerimiz, ýetýän sepgitlerimiz hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen kabul edilen çuňňur oýlanyşykly maksatnamalardan gözbaş alýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzak we orta möhletli maksatnamalarynda halk hojalygynyň pudaklarynyň öňünde jogapkärli wezipeler kesgitlenilýär. Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini we makroykdysady görkezijileriň durnuklylygyny üpjün etmek, pudaklara döwrebap tehnologiýalary we sanly ulgamy ornaşdyrmak, ýurduň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, oňaýly işewürlik gurşawyny emele getirmek, döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak, sebitleri sazlaşykly ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň durmuş goraglylygyny berkitmek hem-de ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak şol wezipeleriň esasylarydyr.
Häzirki döwürde ykdysadyýetiň pudaklaryna döwrebap tehnologiýalaryň we sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy hyzmatlar ulgamynyň hem, önümçilik pudagynyň hem hil taýdan täze derejä çykmagyna itergi berýär. Ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy halk hojalygynyň diňe bir gurluşyny özgertmän, eýsem, ykdysady ösüşiň depginini-de güýçlendirýär. Diýarymyzda sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy, geljegiň kärhanalarynyň döredilmegi, oba hojalyk ýerlerini işläp bejermegiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy, ilatyň internet-banking we mobil-banking hyzmatlaryny, şeýle hem onlaýn söwda hyzmatlaryndan işjeň peýdalanmagy sanly ykdysadyýete geçmek boýunça işleriň üstünlikli alnyp barylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Geçen ýyllarda durmuşa geçirilen giň gerimli ykdysady özgertmeler döwletiň kuwwatyny has artdyryp, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini görnetin ýokarlandyrdy. Türkmenistan maksatly tapgyrlar boýunça ösüşleriň ýoluna düşdi. Durnukly ykdysady ösüş, dünýä ýurtlary bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk, goşulyşmak arkaly ägirt uly taslamalary amala aşyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze obalary, şäherleri gurmak we beýleki maksatlar boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurduň ykdysady we durmuş derejesini ylmy taýdan öwrenmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň geçen we häzirki döwürdäki derejesine ýokary baha berilýär. Bu bolsa geljekki ösüşlerimiziň binýadynyň mäkämdigine güwä geçýär. Sebäbi ykdysadyýet halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has öňe gitmegine itergi beriji güýç hasaplanýar. Kuwwatly ykdysadyýet islendik ýurtda durmuşyň we döwrüň esasy mazmunyny, bütin keşbini kesgitleýär.
Guwanç AHMEDOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň talyby.
Teswirler