Ýaz pasly bilen bagly aýdylanlardan

•           Baharsyz pasyl bolmaz, gaharsyz — durmuş.

•           Ýandak sere — tohum ýere, mirap — suwa, kök — yzgara.

•           Gyş gamyny ýaz iý, ýatar garna az iý.

•           Ýaz ýaýla bar, gyş — howla.

•           Ýazda maly aýak bilen bak, güýzde — taýak bilen.

•           Ýaz işle, gyş dişle.

•           Goýun: «Ýylda iki doýýan: Bir-ä ýaz gyrkymda, Birem güýz gyrkymda» diýermiş.

•           Nowruz geçiň şahyny ezse, hasyla garaş.

•           Ýagşy gün säherinden belli,

•           Ýagşy ýyl — baharyndan.

•           Nowruzyň gaýynda, togsanyň haý-haýynda.

•           Ir eken harman alar, giç eken — arman.

•           Gülşende gül biter, şor ýerde şora.

•           Ýaz güni bir palaw, gyş güni bir alaw.

•           Gördüň ýazyň dokuzy, al-da çyk, goşa öküzi.

•           Güýz göksüz bolma, ýaz — aksyz.

•           Gün bar — bir teňňelik, gün bar — müň tyllalyk.

•           Ir düşen ýazdan gork.

•           Gün parlap çyksa-da, gyşyň güni ýaz durmaz.

•           Gün otagalasa — günlük, Aý agyllasa — aýlyk.

•           Bir günden bahar bolmaz.

•           Garga müň gygyrsa-da, ýaz bolmaz, gaz bir gygyrsa, ýaz bolar.

•           Bir garlawaç ýaz etmez.

•           Garybyň gyşy uzyn, ýazy gysga.

•           Ýelemik aýazdan, ýedi günki boragan.

•           Az – uky, ýaz – uky.

•           Gyş düýşüniň bary ýalan, ýaz düýşüniň – ýary.

•           Baýyň azgyny, possun geýer ýaz güni.

•           Togsan dolman ýaz çykmaz.

•           Ir ekseň doň alar, giç ekseň ýer gurar.

•           Durna görseň, gyş ýaragyn düz,

•           Leglek görseň, ýaz ýaragyn düz.

Begmyrat AŞYROW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok