Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» tassyklanyldy. Şuňa laýyklykda hem bu maksatnamany durmuşa geçirmek işleri giň gerim bilen dowam edýär.
Şu ýylyň başyndan bäri geçen iki aýda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2%, oba hojalygynda ösüş depgini 3,2%, söwda ulgamy 8,8%, ulag we aragatnaşyk pudagy 4% boldy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründen ýokarydyr.
Şeýle hem, ýanwar-fewral aýlarynyň netijeleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň mukdary 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,6%, daşary söwda dolanyşygy boýunça 30,7% ýokarlandy.
Häzirki wagtda, ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard ABŞ dollaryna golaý bolan, aglabasy durmuş maksatly dürli desgalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Şeýle-de şol desgalaryň jemi bahasynyň 18 milliard ABŞ dollaryndan hem köp bolan böleginiň gurluşygyny ýurduň gurluşyk-gurnama guramalary alyp barýar. Bu bolsa diýseň buýsandyryjy wakadyr.
Ýagmyr KAKABAÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz
uniwersitetiniň mugallymy.
Teswirler