Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň karz edaralary kärhanalara, guramalara we ilata milli pulda umumy möçberi 78 milliard 934 million manat bölüp berdi. Bu bolsa 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 11,9% ýokarydyr. Geçen ýyl berlen karzlaryň umumy möçberi 70 milliard 511 million manada deň boldy.
Bu görkeziji degişlilikde, 2022-nji ýylyň 1-nji fewral aýy ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 54 milliard 274 million manada, şeýle hem, Türkmenistanyň karz edaralarynyň döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalara we guramalara milli pulda beren karzlarynyň möçberi 8 milliard 988 million manada barabar boldy.
Bulardan başga-da, 2022-nji ýylyň fewral aýy ýagdaýyna raýatlara we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçilere milli manatda berlen karzlaryň umumy möçberi 15 milliard 672 million manada deň boldy.
Teswirler