Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen şekillendiriş sungatynda medeniýet we sungat işgärleriniň keşbini sungaty öwrenijilik nukdaýnazaryndan öwrenmäge giň ýol açyldy we uly mümkinçilikler döredildi. Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä bileleşigi tarapyndan türkmen halkynyň milli medeniýetiniň umumadamzat mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Milli Liderimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda şeýle bellenilýär: «Halkymyzda aýtgylary, ertekileri rawylar-kyssaçylar, dessanlary bagşylar – ussat aýdymçylar hem-de sazandalar asyrlardan-asyrlara aşyrypdyrlar». Milli baýramçylyklarymyzy bagşy-sazandasyz göz öňüne getirmek mümkin däldir. Bagşyçylyk sungaty hem edil beýleki sungatlarymyz ýaly bagşydan-bagşa, toýdan-toýa, nesillerden-nesillere geçip, biziň günlerimize gelip ýetipdir.
Türkmenistanyň nakgaşçylyk sungatynda bagşy-sazandalaryň keşbi Ilýa Mazeliň «Sazanda» (1928 ý.) eserinde eli gyjakly sazanda ýetginjegiň şekilinde, Sergeý Beglýarowyň «Bagşy» (1935 ý.) eserinde dutar çalyp duran bagşy, şol ýyllardaky halkyň durmuşynyň ýaşaýşyny açyp görkezýär. Ýewgeniýa Adamowa «Täze aýdym» (1950 ý.) eserinde türkmen halkynyň durmuşynyň ruhy dünýäsini açyp görkezýär. Bu eserleriň içinde meşhur türkmen aýdymçy-sazandalary Nurjemal Adyýewanyň, Pürli Saryýewiň, Mylly Täçmyradowyň çuňňur many-mazmunyna ýugrulan keşplerini görmek bolýar. Ussat suratkeş Ýakub Annanurowyň «Oraz Salyryň portreti» (1963 ý.) nakgaş eserinde bolsa Oraz Salyr Mäti oglunyň saz çalyp oturan pursady suratlandyrylypdyr. Onda türkmen öýüniň içinde eline dutar alyp, halk sazlaryny ýerine ýetirýän türkmen bagşysynyň keşbi doýgun ýyly reňkleriniň sazlaşygy esasynda ussatlyk bilen berlipdir. Türkmenistanyň belli suratkeşi Bäşim Nuralynyň «Bagşy çopanlaryň arasynda» (1964 ý.) atly nakgaş eserinde onuň baş gahrymany bolan zenan bagşysynyň uly joşgun we ruhubelentlik bilen saz çalyp duran pursady uly ussatlyk bilen çekilen. Şeýle duýgulary şöhlelendirmäge bagşynyň hereketleri, ýüz keşbi, reňk sazlaşygy uly ýardam berýär. Türkmenistanyň halk suratkeşi Yzzat Gylyjowyň döredijiliginde hem türkmen bagşy-sazandalarynyň keşpleri özleriniň ajaýyp beýanyny tapypdyr. Ussadyň «Şatlyk güni» atly eseri (1967 ý.), «Güýz aýdymy» (1982 ý.), «Aýdym» (1993 ý.) ýaly eserlerinde türkmeniň toý-baýramlarynda halkyň ruhuny belende göterýän bagşy-sazandalaryň waspy edilýär. Nakgaşyň «Aýdym» eserinde üç sany sazanda gyzlaryň janly hereketlerinde dutardyr-gyjagyň ýakymly sazy eşidilýän ýaly duýulýar. Eserde jadyly mukamyň ýerine ýetirilişi çuňňur beýan edilýär.
Ýakub Annanurow. Oraz Salyryň portreti. 1963 Çary Amangeldiýew. Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň portreti. 2000 Ylýas Gurbanow Çuwal bagşy
1970-nji ýyllarynda belli nakgaşlar Nyýazmyrat Dowodow «Türkmenistanyň halk artisti Ödenyýaz Nobatowyň portreti» (1971 ý.), «Palta bagşynyň portreti» (1977 ý.), Aman Amangeldiýew «Bagşy D. Okdirow» (1974 ý.) meşhur sazanda-bagşylarynyň keşplerini döredýärler. Çary Amangeldiýew «Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň portreti» (1973 ý.), «Türkmen ýaşuly sazandalarynyň toparlaýyn portreti» (1973 ý.), «Urşuň arasynda (Sahy Jepbarow)» (1978 ý.), «Çuwal bagşy ýolda» (1978 ý.) ýaly ajaýyp eserleri döredip, bagşy-sazandalaryň ruhy dünýäsini dürli reňk sazlaşygyň kömegi bilen giňişleýin we çuňňur açyp görkezýär. Türkmen bagşylarynyň keşpleri Saparmämmet Meredowyň «Orazgeldi Ylýasowyň portreti» (1980 ý.), «Mylly Täçmyradowyň portreti» (1982 ý.), «Magtymguly Garlyýewiň portreti» (1984 ý.), «Öwezgeldi Tekäýewiň portreti» (1991 ý.), «Gökdepe mukamy» (1993 ý.), «Halk aýdymy» (1993 ý.), «Pürli Saryýewiň portreti» (1993 ý.) ýaly eserlerinde suratlandyrylyp, tomaşaçyda türkmen halk aýdymlaryna, olary ussatlyk bilen ýerine ýetiren bagşylara çuňňur guwanç we buýsanç duýgusyny oýarýar.
Ýaş nakgaşlar Ylýas Gurbanowyň «Çuwal bagşy» (2016 ý.), Muhammet Gubyýewiň «Şükür bagşy» (2017 ý.), Maksat Hudaýberdiýewiň «Şükür bagşy» (2018 ý.), Toýly Çopanowyň «Gurt Ýakup» (2019 ý.) tematiki eserlerinde we Rahman Umarowyň «Läle bagşy» (2018 ý.) portretinde bagşylaryň keşbi şekillendirýär.
Türkmen halkynyň tanymal we bagşy-sazandalary türkmen heýkeltaraşlarynyň döredijiliginde hem uly orun tutupdyr. Sazçylyk türkmen heýkeltaraşlarynyň döredijilik aýratynlyklarynyň umumy häsiýetlendirmesi we çeper diliniň alamatlary hökmünde suratlandyrmak ýaly ymtylmalary bilen baglydyr. Seýitguly Artykmämmedowyň «Ýaş dutarçy» (1964 ý.), «Aýdymçy» (1966 ý.), «Dutarçy» (1976 ý.) atly işlerine monumental umumylaşdyrma häsiýeti mahsusdyr. Magtymguly Nurymow milli ýörelgelerden ugur alyp, «Sazanda Çary Täçmämmedow» (1972 ý.), «Sazanda» (1977 ý.), «Dutarly gyz» (1977 ý.), «Aýdymçy H. Annadurdyýew» (1980 ý.) ýaly çeper taslama eserlerinde täzeçe gözlegleri amala aşyryp, modernistik akymlaryň çeper aýratynlyklary özleşdirýär. Juma Jumadurdynyň «Sazanda bagyşlanýar» (1985 ý.) atly heýkelinde sazandanyň keşbi filosofiki taýdan berlen. Ýedi Madatowyň «Sazanda» (1975 ý.) atly heýkelini synlanyňda eli dutarly türkmen sazandasy ýadyňa düşýär. Ol bu eserinde tanymal türkmen bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň keşbini suratlandyrýan ýaly. Bagşynyň egnindäki köýneginiň epinleriň oýny, çalýan sazy bilen bilelikde deň hereket edýändigi duýulýar. Türkmen bagşysynyň ýüzi aşaklygyna dutara tarap seredýän görnüşde berlipdir. Çep elinde saklap duran dutarynyň perdelerini kakyp, sag elini bolsa ýokary galdyrmagy sazandanyň ýiti duýgularyny şöhlelendirýär. Heýkeltaraşlyk sungatynyň çeper diliniň dürli häsiýetlerini ulanmak bilen, ol türkmen bagşysynyň joşgunly hereketini synlamaga we onuň sazyny diňlemäge çagyrýan ýaly. Türkmenistanyň halk suratkeşi Babasary Annamyradow hem bagşy Orazgeldi Ylýasowyň portretini (1980 ý.) döredip, türkmen halk sazynyň şirin owazyny çalyp, şondan lezzet alýan ussadyň keşbini şöhlelendirýär.
Babasary Annamyradow. Bagşy Orazgeldi Ylýasowyň portreti. 1980 Çary Amangeldiýew.Baky kirşler toplumyndan. Halk bagşy, Magtymguly Garlyýew.1978 Bäşim Nuraly. Bagşy çopanlaryňkyda. 1964
Türkmenistanyň halk suratkeşi, heýkeltaraş Saragt Babaýew bagşylaryň keşplerine «Sahy Jepbarowyň portreti» (1985 ý.), «Bagşy Gurt Ýakubyň hatyrasyna» (1992 ý.), «Döwletgeldi Ökdirow barada ýatlama» (1994 ý.) ýaly stanok heýkellerini bagyşlap, çuňňur mazmunly taslama çözgütleri, göwrüm teswirlenişini, ýagty kölegeleriň oýnuny ussatlyk bilen peýdalanypdyr. Halypanyň şägirtleri Polat Mämiýew we Meýlis Sähedow türkmen aýdym-saz sungatyna uly hormat goýup, dürli heýkel taslamalary akademizm stilinde döredýärler. Polat Mämiýew «Baba Gammar» (2010 ý.) atly heýkelinde dutaryň piri Baba Gammaryň keşbini suratlandyrýar. Rowaýata görä, Hezreti Aly öz ýaşan döwründe Mary welaýatynyň obalarynyň birine gelipdir, ýanynda hem onuň at bakary Baba Gammar bar eken. Baba Gammar atyň guýrugyndan gaçan taryny bir taýaga dakyp, saz çalmagy öwrenipdir. Bu heýkelde hem onuň çep eli ýylgyn agajyň daragtyna daýanyp durýan bolsa, sag elinde dutaryň sapyny mäkäm saklap duran pursady ýerine ýetirilen. Heýkeltaraşyň «Jepbar Hänsähedow» atly eserinde belli türkmen bagşysy Jepbar Hänsähedowyň halk aýdymynyň mukamyna aralaşandygyny we ony ussatlyk bilen çalýandygyny görkezýär. Onuň arka tarapynda görkezilen ahalteke bedewi, garlawaç we goja çynar türkmen halkynyň bütin pelsepesi, ruhy beýikligi, pähim-paýhasy, parahatçylyk söýüjilikli ýörelgesi türkmen mukamynyň içinden eriş-argaç bolup geçýändigini alamatlandyrýar. Meýlis Sähedowyň «Şükür bagşy» (2010 ý.) atly diplom işinde ahalteke bedewinde oturan we sag elinde dutary saklap duran Şükür bagşynyň keşbi şekillendirilip, Eýran hanynyň ýesirliginden öz agasyny halas eden şöhratly türkmen sazandasynyň ýola düşen pursadyny görkezilýär.
Halypa suratkeş Çary Amangeldiýewiň «Baky kirşler» toplumyndan «Halk bagşy Magtymguly Garlyýew» (1978 ý.) atly grafika eserinde türkmen halk bagşysy Magtymguly Garlyýewiň ýüz keşbini hakykylyk bilen ak we gara reňkleriň sazlaşygynda inçe çyzyklaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Eseriň taslama çözgüdinde uçup duran garlawaçlaryň şekilleri ýönekeýleşdirilen görnüşde şekillendirilýär.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Döwletgeldi Akyýewiň «Mukamyň döreýşi» (2011 ý.) atly eseriň birinji meýilnamasynda milli lybasly bagşy sag tarapyna öwrülip saz çalýandygyny görkezilen. Grafikaçy dürli çeper serişdeleriň üsti bilen we ak we gara reňkleriniň çylşyrymly oýny bilen eseriň mazmunyny açmana synanyşýar. Oguldöndi Çerkezowan «Şükür bagşy» (2015 ý.) atly grafikasynda akwarel tehnikasyny peýdalanyp, dürli reňkleriň üsti bilen Şükür bagşynyň keşbini suratlandyrýar.
Türkmen şekillendiriş sungatynda bagşy-sazandalaryň keşbi uly orun tutup, häzirki wagtda hem özüniň gadyr-gymmatyny ýitirmeýär we Watanymyzyň gelejegi bolan ýaşlarda türkmeniň aýdym-sazyna çuňňur gyzyklanma döredip, olarda aýdym-saz bilen meşgullanyp, türkmeniň bu ajaýyp sungatyny ösdürmek arzuw-islegini oýarýar.
.
Jeren Baltaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyňsungaty öwreniş
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler