ELEKTRON TEHNOLOGIÝALARYŇ ÖSÜŞI

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek, şol sanda bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk ýagdaýy bilen üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ulgamlaýyn meselelerini çözmegiň möhüm ugry hökmünde kesgitlenilýär. Şu jähtden ugur alnyp «Aragatnaşyk hakynda» (2019-njy ýylda rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet — hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» we beýleki Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. Bu bolsa ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçilmegi ugrunda edilýän aladalardan nyşan bolup durýar.

Ýurdumyzda birnäçe pudaklaryň sanly ulgama geçmegi pudagyň has-da öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilmegine şeýle-de täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Sanly intellektual tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy arkaly býujet serişdelerine takyk gözegçilik etmek hem-de olary dolandyrmak üçin şertleri üpjün edýän maliýe maglumatyny dolandyrmagyň döwlet ulgamynyň döredilmegi derwaýys meseleleriň hatarynda durýar.

Milli Liderimiziň bimöçber aladalary bilen häzirki wagtda maglumatlary geçirmek boýunça 5 döwletara optiki-süýümli ulgam ornaşdyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda transmilli optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň bolmagy internet akymlarynyň üstaşyr geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Selbi GURBANOWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok