Türkmenistanda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreler yzygiderli amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine, onuň hususy ugurlarynyň höweslendirilmegine, maýa goýum kuwwatynyň artdyrylmagyna, durmuş ugurly ulgamyň kämilleşdirilmegine, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň we hiliniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen uzak möhletli milli pudaklaýyn hem-de sebit maksatnamalary durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň kämilleşdirilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenilip, bilim ulgamyny ösdürmek, saglygy goraýşyň we beýleki ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça maksatnamalar ýerine ýetirilýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini hem-de durmuş taýdan goraglylygyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda giň gerimli işler durmuşa ornaşdyrylýar.
Her ýylda bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň şu ýyl hem çykaran Permanyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleri ýokarlandyrylar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 4-nji maddasynda: «Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilendir. Şoňa görä-de, ýurdumyzda mümkinçilikleri çäkli çagalary saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary bilen yzygiderli üpjün etmäge aýratyn üns berilýär. Şolaryň hatarynda Aşgabatda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, welaýatlardaky we Aşgabat şäherindäki «Ene mähri» merkezleri, Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyndaky ýöriteleşdirilen psihonewrologiýa çagalar öýi hem-de Mary welaýat çagalar hassahanasy we beýleki kesel anyklaýyş merkezleri açylyp, ulanylmaga berildi.
Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçilikleri çäkli çagalaryň okamagy, terbiýelenmegi, jemgyýete uýgunlaşmagy, saglygynyň berkidilmegi üçin ýörite bilim edaralarynda zerur şertler döredilýär. Şeýle-de, olar iýmit, okuw enjamlary, esbaplar, serişdeler bilen doly üpjün edilýär. Munuň özi bazar gatnaşyklarynyň ösüşiniň täze tapgyryndaky şertlerde ilatyň durmuş goraglylygyny pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini görkezýär.
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş taýdan hyzmat etmek boýunça döwlet ulgamyndan ybaratdyr.
Durmuş goraglylygy köp zady öz içine alýan, ýagny kyn durmuş şertleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan ilatyň toparlaryna durmuş ýardamyny, muzdsuz durmuş kömegini we hyzmatlary, patronažlary (syrkawlara we ýaş çagalara öýde guramaçylykly lukmançylyk hyzmatlaryny etmek) berýän durmuş instituty bolup durýar. Durmuş taýdan özara baglanyşyk – bu her bir adamyň eneden doglan pursatyndan başlap tä ömrüniň ahyryna çenli ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň edaralary bilen özara gatnaşygyny aňladýar. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryna girişmek durmuş ulgamynyň bölegi hökmünde her bir adama mahsusdyr.
Halkara tejribäniň görkezişi ýaly, «durmuş işi», «durmuş goraglylygy», «döwlet goldawyna mätäç bolan adamlar», «durmuş meselelerini çözmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar», «durmuş üpjünçiligi» ýaly we beýleki ugurdaş düşünjeleriň peýda bolmagynyň hem-de ylmy dolanyşyga girizilmeginiň çuň taryhy, nazary we usuly kökleri bar.
Durmuş işi — bu jemgyýetçilik hadysasydyr. Bu düşünjäniň hemmeler tarapyndan kabul edilen kesgitlemesini şeýle mazmunda beýan edip bolar: kömek etmek, hyzmat etmek, goramak, saglygyny we zähmete ukyplylygyny dikeltmek arkaly adamlara durmuş kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin ýardam etmäge gönükdirilen iş bolup durýar.
«Durmuş goraglylygy» adalgasy ilkinji gezek geçen asyryň 30-njy ýyllarynda peýda bolup, ol işsizligi, ýarawsyzlygy sebäpli girdejisiniň ýitmegi ýa-da ýiti azalmagy, çaganyň dogulmagy, önümçilik şikesi ýa-da hünäri bilen baglanyşykly kesellemegi, maýyplygy, garrylygy, ekleýjisini ýitirendigi we beýleki sebäpler netijesinde durmuş ýardamyna mätäç bolan raýaty hem-de ony goraýan çäreler ulgamyny alamatlandyrýar.
Şwesiýada we Finlýandiýada 1763-nji ýylda (şol döwürde ol patyşalygyň bir bölegidi) gurpsuzlygy, maýyplygy ýa-da ene-atalarynyň ýokdugy sebäpli ýaşaýyş üçin gazanç etmäge mümkinçiligi bolmadyk adamlara ýardam berilmegi boýunça ýerli häkimiýetler aladalanypdyrlar. ХIX asyryň ahyrynda we ХX asyryň ilkinji onýyllyklarynda diňe agyr näsag we zähmete ukypsyz gartaşan adamlar, şeýle hem köp çagaly maşgalalar durmuş kömeklerini alyp bilýärdiler. ХIX asyryň ahyryndan başlap, indiki asyryň bütin dowamynda Şwesiýada okgunly ykdysady ösüş bolup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ilat barha şäherleşip, durmuşyň derejesi çalt ösüp başlady.
Ýaponiýada «durmuş üpjünçiligi» diýen jümle ilkinji gezek 1946-njy ýylda kabul edilen Konstitusiýanyň 25-nji maddasynda peýda bolýar. Premýer-ministriň ýanyndaky durmuş üpjünçiligi boýunça maslahat beriş Geňeşligi Ýaponiýanyň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň wezipelerini aýdyňlaşdyrýar. Ýaponiýada 1946-njy ýylda «Mätäçlik çekýänlere kömek bermek hakynda» Kanun kabul edilýär we 1950-nji ýylda oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär. Ol 1930-njy ýylda kabul edilen kanunçylyk namalaryny düýpgöter özgertdi. Bu ýurduň durmuş goraglylygy ulgamynda 1940 — 1960-njy ýyllar aralygynda (gartaşan raýatlaryň abadançylygy, enelik we çagalyk, çagalara kömek pullary hakynda we ş.m.) birnäçe kanunlar kabul edilýär. Olara 1970-nji ýyllarda girizilen düzedişler raýatlaryň birnäçe toparlary üçin tölegleriň möçberiniň artdyrylmagyna getirdi. Häzirki wagtda «durmuş goraglylygy» islendik ösen döwletiň syýasatynyň esasy nyşanyna öwrüldi.
Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny ösdürmek strategiýasy döwlet syýasatynyň derejesine çykarylýar, halkara jemgyýetçiliginde gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy» atly kitabynda: «Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynda alnyp barylýan düýpli özgertmeler adamlaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmaga, özüniň durmuş meselelerini çözmäge mümkinçiligi bolmadyk we döwlet goldawyna mätäç bolan, durmuş taýdan ejiz adamlara netijeli durmuş ýardamyny bermek arkaly döwlet durmuş kepilliklerini berjaý etmäge gönükdirilýär» diýip, jaýdar belleýär. Munuň özi ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülendigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, durmuş ugurly ulgamyň kämilleşdirilmegi ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun! Diýarymyzyň ösdürilmegine hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işleri mundan beýläk-de rowaç alsyn!
Durdyýewa Jahan,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň mugallymy
Teswirler