«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň önümçiligi ýokarlanýar

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginde ýerleşýän «Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň işçi-hünärmenleri şu ýyly ýokary iş görkezijileri bilen jemlemegi maksat tutunýarlar. Kärhanada şanly ýylyň geçen on aýynda ýerine ýetirilen işleriň görkezijileri işgärleriň maksadynyň myrat tapjakdygyna ynamy artdyrýar. Has takygy, bu ýerde degişli döwürde 155 million 333 müň 594 manatlyk önüm öndürilip, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 144,4 göterim ösüş gazanyldy.

Ýylyň başyndan bäri sargytlar boýunça ol ýerde düz aýnanyň we çüýşe gaplarynyň dürli görnüşleri öndürildi. Kärhananyň önümçilik bölümlerinde ýerli çig malyň ýokary derejede gaýtadan işlenilmegi önümlere islegiň barha artmagyny üpjün edýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok