Uzynadada çig malyň senagat akymy alyndy

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleriniň Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän Uzynada meýdançasynda burawlan ýene bir guýusyndan çig malyň senagat akymy alyndy.

Halmyrat Rozyýewiň ýolbaşçylyk edýän baýlyk agtaryjylarynyň şu meýdançada ozal burawlan ilkinji guýusy hem bol önüm beripdi. Gojaman Hazaryň kenarynda ýerleşýän meýdançada häzirki wagtda nebitdir gazyň täze gorlarynyň üstüni açmak maksady bilen gözleg-buraw işlerine giň gerim berilýär. Ekspedisiýanyň buraw ussasy Farhat Rozybaýew tarapyndan baştutanlyk edilýän toparyň agzalary taslama çuňlugy 7600 metre barabar bolan guýyny burawlamak işini alyp barýarlar. Şeýle jogapkärli işiň lebaply baýlyk agtaryjylara ynanylmagy hem olaryň hünär ussatlyklarynyň ýokarydygyndan habar berýär. Toparyň agzalary şu döwre çenli 5,5 müň metrden hem gowrak çuňlugy üstünlikli geçdiler. Buraw desgasynyň agzalary Uzynadada ýene bir guýyny burawlamaga girişmäge taýýarlyk görýärler.

Begenç Arazkylyçew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok