Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $143,7 milliondan geçdi

2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 143 million 767 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Gazagystanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler agentliginiň Milli statistika býurosynyň maglumatlarynda habar berilýär.

Gazagystanyň Strategiki meýilnamalaşdyryş we özgertmeler agentliginiň Milli statistika býurosynyň beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Gazagystan Türkmenistandan umumy bahasy 36 million 42 müň ABŞ dollaryndan gowrak bolan önüm import etdi. Şol bir wagtyň özünde Gazagystanyň Türkmenistana eden eksporty 107 million 725 müň ABŞ dollaryna barabar boldy. Bu döwürde Gazagystanyň umumy daşary söwda dolanyşygy 72 milliard 767 million ABŞ dollaryndan geçip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,7% ýokarlandy. Başgaça aýdylanda 8 milliard 203 million ABŞ dollary möçberinde artdy.

Şeýle hem ýokarda bellenilen döwürde Gazagystanyň iň uly daşary söwda hyzmatdaşy Russiýa bolup, iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 17 milliard 206 million ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Gazagystanyň eksporty 5 milliard 81 million ABŞ dollaryndan, importy bolsa 12 milliard 125 million ABŞ dollaryndan geçdi.

Belläp geçsek, Gazagystanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Hytaý ($13 milliard 470 milliondan gowrak), Italiýa ($6 milliard 679 milliondan gowrak), Türkiýe ($2 milliard 957 milliondan gowrak), Özbegistan ($2 milliard 654 milliondan gowrak) we Gollandiýa (3 milliard 463 milliondan gowrak) girdi.

Arslan MUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok