Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem “Ýaşyl ykdysadyýet” we “Ýaşyl ösüş” meseleleri boýunça yzygiderli hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.
Bütindünýä “Ýaşyl ösüş” instituty (Global Green Growth Institute – GGGI) – 2012-nji ýylda howanyň üýtgemeginiň şertleri babatynda “ýaşyl” ykdysadyýeti goldamak we durmuşa geçirmek, pes uglerodly geljege geçiş maksady bilen döredilen halkara gurama bolup, ştab-kwartirasy Seul şäherinde ýerleşýär. Bütindünýä “Ýaşyl ösüş” institutynyň Assambleýasynyň Prezidenti we geňeşiniň başlygy, BMG-niň öňki Baş sekretary Pan Gi Mun. Häzirki wagtda Bütindünýä “Ýaşyl ösüş” instituty 54 taslamany 30-dan gowrak döwletlerde durmuşa geçirýär.
Koreýa Respublikasy “Ýaşyl ösüş” strategiýasynyň durmuşa geçirilip başlanmagyna 2008-nji ýylda badalga berdi. Täze müňýyllykda biziň Uzak Gündogardan hyzmatdaşymyz “ýaşyl” ykdysadyýet babatynda dünýä liderine öwrüldi. Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In Türkmenistanyň Bütindünýä “Ýaşyl ösüş” institutynyň agzasy bolmak niýetini hoşniýetli garşylady we ýurdumyz bilen durnukly tokaýlary döretmek we suw baýlyklaryny çözmek meselelerinde öz ýurdunyň tejribesi we tehnologiýalary bilen paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.
Türkmenistan hem öz gezeginde 2021-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň maslahatynda 2012-nji ýylyň 20-nji iýunynda Rio-de-Žaneýroda kabul edilen “Bütindünýä “Ýaşyl ösüş” institutyny döretmek baradaky ylalaşyga goşulmak barada” meselä seredildi we bu boýunça degişli çözgüt kabul edildi.
Ylalaşygyň esasy maksady Bütindünýä “Ýaşyl ösüş” institutynyň döredilmeginiň esasynda ykdysady ösüşi we daşky gurşawyň durnuklylygynyň deňagramly ösüşine garaýan täze ykdysady nusgasyny goldap, ony ýaýratmak arkaly, ösüp barýan ýurtlaryň durnukly ösüşine goşant goşmak bolup durýar.
Döwletýar ARÇAMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyby.
Teswirler