Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary bilen tassyklanylan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” we “Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzda sanly ulgam babatda ýokary tizlik bilen geçirilýän işleriň anyk ugurlaryny, maksatlaryny, öňde durýan wezipelerini kesgitleýär.
Bilim edaralary häzirki zaman kompýuterleri, multimedia tehnologiýalary, laboratoriýa, lingafon enjamlary bilen üpjün edilýär. Internet toruna birikdirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan mekdebe ilkinji gezek gadam basýan çagalaryň ählisine öwrediji kompýuterleriň sowgat berilmegi ajaýyp däbe öwrüldi. Bularyň ählisi ýaş nesliň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede açmaga, bu ukyplary hünär taýdan ugrukdyrmaga gönükdirilendir.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, islendik ýurduň ösüşi, ozaly bilen, ylym we bilim ulgamlarynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Onda jemgyýetiň intellektual mümkinçiliklerini doly peýdalanmak, ylmyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmak degişli ugurda esasy ýagdaýlar bolup, ýokary tehnologiýalary, düýpli we amaly barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen gös-göni baglydyr.
Sanly bilim ulgamy – munuň özi diňe bir ylym adamlarynyň däl, eýsem, tutuş ynsanyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň ýeňilleşmegidir. Sanly bilim ulgamy özünde elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan ylym-bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary we sözlükler ýaly bölümleri jemleýär.
Bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda köp tagalla edýän milli Liderimize hoşallygymyzyň çägi ýok!
.
Aýna REJEPOWA,
Döwletmammet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň korey dili mugallymy.
Teswirler