Şu günki günde dünýäniň ähli döwletlerinde dünýä ykdysadyýetiniň geljekki ösüşi, sanly innowasiýalara daýanýan, ösen döwrebap tehnologiýalary ulanmagyň netijeliligine bagly boljakdygy sebäpli, sanlylaşdyrmagyň ösüşine aýratyn uly üns berilýär.
Bu hem öz gezeginde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýeňilleşdirmek bilen bir hatarda, ýaşlaryň döwrebap sanly innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanmaklary üçin, maliýe taýdan sowatly bolmaklaryny şertlendirýär.
Şol sebäpden, ýurdumyzyň edara-kärnalarynda we guramalarynda sanly innowasion döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesinde, degişliligi boýunça olaryň alyp barýan işleriniň ahyrky netijesi bolan maliýe ýagdaýyna analiz geçirmegiň we geçiriljek analizde analiziň usullarynyň ulanylmagy wajyp bolup durýar. Aslynda, usulyýet düşünjesi – bu usullary gurmagyň ýörelgesi, olary ylmy taýdan umumylaşdyrmak bolup durýar. Şeýlelikde, maliýe analiziniň usuly – onuň görkezijilerini ulgamlaýyn, toplumlaýyn öwrenmek, ölçemek we umumylaşdyrmak hem-de edara-kärhanalaryň we guramalaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda ýörite tärleri ulanmak bilen görkezijiler ulgamyny işlemek arkaly olaryň işiniň netijelerine täsir edýän sebäpleri hasaplamak we baha bermek bolup durýar.
Maliýe analizi usulynyň esasy maksady edara-kärhanalaryň we guramalaryň maliýe ýagdaýy we onuň işiniň maliýe netijeleri hem-de pul serişdeleriniň hereketi barada hasabatdan peýdalanyjylaryň giň topary tarapyndan ykdysady çözgütler kabul edilende olara peýdaly bolup biljek maglumatlary bermekden ybaratdyr.
Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartyna laýyklykda, maliýe analiziniň usulynyň üç tapgyrda geçirilmegi döwrebapdyr.
Birinji tapgyr, ýagny analiziň usulynyň saýlanyp alynmagy;
Ikinji tapgyrda maglumatlaryň hiline baha berilmegi we maliýe hasabatlylygynyň maglumatlarynyň deňeşdirip bolujylygynyň gazanylmagy;
Üçünji tapgyrda bolsa, analiziň düzgünlerini, ýagny başlangyç maglumatlaryny özgertmek, görkezijilerini ulgamlaşdyrmak, düşündirmek üçin standart tärleri we usullary peýdalanmak bolup durýar.
Maliýe analiziniň usulynyň ähmiýeti bu edara-kärhanalaryň we guramalaryň serişdelerini dolandyrmak boýunça işleriniň netijelerini hem görkezýär.
Durmuş özgerýär, jemgyýetiň islegi, talaby ösýär, şunuň bilen baglylykda, täze wezipeler we täze meýiller emele gelýär. Döwür bilen aýakdaş gitmek, döwrüň talabyny ödemek, amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrülýär.
Häzirki zaman dünýäniň ösüş meýillerini häsiýetlendirýän maliýe analiziniň usullarynyň kämilleşdirilmegi bilen, döwrüň talabyny, ösen islegi kanagatlandyrmagyň möhüm ugry bolup durýar. Bu möhüm işler bolsa öz gezeginde, ähli işleri göwnejaý guramaga, utgaşdyrmaga hem-de işiň netijeliligine, hiline gözegçilik etmäge ýardam edýär.
Ýurdumyzda bu işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň professor-mugallymlary hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlarynyň ýurdumyzda ornaşdyrylmagy we kämilleşdirilmegi bilen bagly alnyp barylýan okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýarlar hem-de Maliýe hasabatlylygynyň halkara standarty we Maliýe hasabatlylygynyň analizi okuw maksatnamalaryny yzygiderli kämilleşdirmek bilen, talyp ýaşlara bu ugurlardaky okuw derslerinden bilimleri giňişleýin berýärler.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe talyp ýaşlary döwrebap terbiýeläp ýetişdirmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynda netijeli zähmet çekmäge ukyply hünärmenleri taýýarlamaga möhüm ähmiýet berilýär.
Şu nukdaýnazaryndan, sanly bilimiň, ylmyň we sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine berilýän ünsüň barha güýçlendirilmegi, bu ugurda bilim alýan talyp ýaşlaryň we hünärmenleriň durmuş tejribesiniň has-da baýlaşmagyna oňyn täsir edýär.
Häzirki zaman ösen sanly innowasiýalaryň we döwrebap tehnologiýalaryň hem-de öňdebaryjy halkara tejribeleriň milli ykdysadyýetimize has içgin ornaşdyrylýan döwründe kabul edilýän çözgütler ýurdumyzyň uzak möhletleýin ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.
Şemşat Kiçigulowa
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Ykdysadyýet fakultetiniň mugallymy
Teswirler