Türkmenistanda dünýä ülňülerine laýyk gelýän sanly tehnologiýalaryň üsti bilen köpdürli işleri önjeýli amala aşyrmagy ýola goýmak güýçli depginde alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde raýatlaryň isleglerini kanagatlandyrjak dürli görnüşli harytlary onlaýn platformalaryň üsti bilen döwrebap usulda üpjün etmeklik hem öz işini ýola goýdy.
Şu dogrusynda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli maý aýynyň 30-31-ine köpugurly sergi geçirildi. Serginiň guramaçylarynyň biri bolan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem öz işini hödürledi. Sergide birleşmäniň döwrebap sanly görnüşdäki onlaýn söwda platformasy bolan “Ynamdar” marketiň hünärmeni Goçmyrat Akmyradow bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.
— Salam Goçmyrat, sizi hoş gördük! Mümkin bolsa okyjylarymyza onlaýn markediň edýän işi dogrusynda gürrüň beräýseňiz?
— Biziň “ Ynamdar” online marketimiziň işi esasan halk köpçüligini köpdürli harytlar bilen amatly bahadan üpjün etmek bolup durýar.
— “ Ynamdar” onlaýn marketiň işiniň haçan ýola goýulandygyny aýdyp berseňiz?
— Biziň onlaýn marketimiz 2019-njy ýylyň iýul aýynda öz işine başlady we şondan bäri halk köpçüligine öz hyzmatlaryny hödürleýär.
— Goçmyrat, okyjylarymyza belki hem gyzykly bolsa gerek, onlaýn markedi esaslandyran, ýagny işini ýola goýan kim?
— Onlaýn markedimiziň esaslandyryjysy, ýagny başlygy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Nurmuhammet Gapurow.
— Size söwdany onlaýn görnüşde amala aşyrmagy maksat edinmegiňize näme sebäp boldy?
— Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek barada alyp barýan işleri, tagallalary netijesinde biz hem sanly ulgam arkaly söwda etmek bilen adamlara tiz we amatly şertleri döredip, olara harytlary elýeterli satmakdan ybarat bolup durýar.
— Siziň öz alyp barýan işiňiz barada aýdaýsaňyz?
— Menin işim öz onlaýn markedimiziň saýtynyň programma üpjünçiliginiň üstünde işlemek, harytlary öz ýerli-ýerinde saýtda berlen kategoriýalara ýerleşdirmek, olara gözegçilik etmek, bökdençsiz sazlaşykly işini guramakdan ybarat bolup durýar.
— Şu ýerde siz kategoriýalary hem bellediňiz, olar hakda gysgaça aýdyp geçseňiz?
— Biziň onlaýn markedimizde ýüzlerçe brendlerden on müňlerçe harytlar hödürlenýär. Kategoriýalary gysgaça aýtsam, olardan: iýmit önümleri, gök we bakja önümleri, arassaçylyk we hojalyk, şahsy gözellik we ideg, çagalar üçin serişdeler, tekstil önümleri, öý haýwanlarynyň idegi, arzanladyş we aksiýalar. Olar hem öz içinde bölünýär. Biz geljekde kategoriyalaryň gerimini hasda giňeltmegi göz öňünde tutýas. Bu barada giňişleýin www.ynamdar.com sanly platforma girip tanyşyp bilerler.
— Siz haýsy welaýatdyr, şäherlerimize öz hyzmatyňyzy hödürläp bilýärsiňiz?
— Biz harytlarymyzy Aşgabat, Änew şäherine eltip berýäris. Onlaýn markedimizde ýaňy ýakynda bir täzelik boldy, biz Mary we Türkmenbaşy şäherlerine hem eltip berme hyzmatyny ýola goýduk. Eltip berme hyzmatymyz mugt amala aşyrylýar. Geljekde hem Daşoguz, Lebap welaýatlaryna hyzmatlarymyzy hödürlemegi maksat edinýäris.
— Harytlaryňyzy esasan haýsy ýurtlardan getirýärsiňiz?
— Biz harytlary boldugyndan göni kärhanalaryň özünden alyp, müşderilere ýetirýäris we harytlar esasan Russiýadan, Fransiýadan, Italiýadan, Türkiýeden, Eýrandan getirýäris. Geljekde hem haryt alýan ýurtlarymyzyň gerimini giňeltmek isleýäris.
— Tüweleme Goçmyrat, Siz bilen söhbetdeş bolmak biz üçin täsirli boldy. Biz hem öz gezegimizde size “Ynamdar” onlaýn markeriniň giň gerime eýe bolmagy üçin öňde goýan maksatlaryňyza ýetmegiňizi arzuw edýäris! Sagboluň!
— Sizede köp sagbolsun aýdýaryn! “Ynamdar” onlaýn marketinde hemmäňizi hoş gördük.
Mähri HOJAÝEWA
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby
Teswirler