Gözel paýtagtymyz Aşgabat baý taryhy bolan şäheridir. Ol Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda galalaryň ýerleşen ýerinde emele gelipdir. Taryhy çeşmeler bu ýeriň asyrlaryň dowamynda mes toprakly, möhüm söwda merkezi, kerwen ýollarynyň çatrygy bolandygyny tassyklaýar.
Häzirki wagtda Aşgabadyň çäginde ýerleşýän gadymy Nusaý öz döwründe dünýäniň iň iri şäherleriň biri bolupdyr. Ol gündogarda Hytaý, günbatarda Rim imperiýasy bilen bäsleşen Beýik Parfiýa döwletiniň paýtagty bolupdyr. Mundan başga-da nesilbaşymyz Oguz hanyň agtyklary, ýagny aslyny Gün hanyň ogly Gaýadan alyp gaýdýan Gaznaly türkmenleriň döwleti, Deňiz hanyň ogly Kynygyň nesilleriniň esaslandyran Beýik Seljuk türkmen imperiýasy, Ýyldyz hanyň ogly Begdiliniň neberelerinden bolan Köneürgenç türkmenleriň döwleti döwründe-de Nusaý ähmiýetli gala bolupdyr.
Aziýanyň merjeni Aşgabat 140 ýylyň içinde köp taryhy wakalara şaýat boldy. 1881-nji ýylda gadymy galaly Ashabatda harby serhet birikmesi döredilipdir we Zakaspiý oblastynyň söwda-senagat, goňşy döwletler bilen ykdysady gatnaşyklar ýola goýlan administratiw-dolandyryş merkezine öwrülipdir. Şäher 1919-1927-nji ýyllarda Poltaraskiý diýlip atlandyrylan bolsa, 1927-nji ýylda Aşgabat diýen häzirki ady berlipdir. Ol 1924-1991-nji ýyllar aralygynda Türkmenistan SSR-niň paýtagty bolýar
1991-nji ýylda Garaşsyzlygymyza eýe bolmagymyz bilen Aşgabadyň binagärlik keşbinde täze ösüş döwri başlanýar. Gülläp ösýän ak şäherimiz Aşgabadyň ajaýyp binalarynyň Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilmegi onuň abraýyny has-da belende göterdi. Munuň özi Türkmenistanyň baş şäheriniň belent at-abraýa mynasyp bolandygynyň ykrarnamasydyr.
Goý, Aşgabat şäherimiz güllesin, gül açsyn! Onuň nurana keşbi şöhratly geçmişimiziň şuglasy bolup şöhlelensin!
Döwletmyrat Tejenow,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň
Maliýe fakultetiniň 1-nji ýyl talyby
Teswirler