Gadymyýetiň ýaňy – Aşgabadyň daňy

Bäsleşige

          Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ak şäherimiz Aşgabadyň döredilmeginiň 140 ýyllyk ýubileýi örän giň gerimli baýramçylyk dabaralary bilen bellenilip geçilýär. Gözel paýtagtymyzyň ýubileý toýunda onuň şu wagta çenli geçen şöhratly menzillerine taryhy nukdaýnazardan ser salmaklyk bolsa, diýseň ýakymlydyr.

          Taryhy maglumatlara görä, gözel paýtagtymyz Aşgabat ilki döredilende –  1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda ady bilen adybir obada döredilipdir. Bu oba aýdylyşyna görä, örän gadymy oba bolmaly. Çünki, taryhçy Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly ylmy kitabynda: «Aşgabadyň çäginde parfiýa zamanasyna degişli ýadygärlikler hasam köp duşýar. Bu ýerde 20 sany arheologik ýadygärligiň üsti açyldy. Şäheriň gündogar böleginde Gökgala I berkitmesi, Gämigala obasy, Şeýtandepe galasy ýerleşýär. Şäheriň demirgazyk böleginde bir atsyz obanyň, Garagowranly galasynyň, Kiçijikdepe galasynyň töwereginde bir obanyň galyndylary ýerleşýär. Şäheriň günbatar böleginde Könegala I galasy (Köşüde), bir atsyz gala (depeleriň toplumy), ýenede bir atsyz gala hem-de, Akdepe, Hojamazar, Gökgala II galalary, üçünji atsyz gala we Armangala berkitmesi ýerleşýär. Şäheriň merkezinde «Merkez» diýlip atlandyrylan berkitme, Ýasydepe berkitmesi, Garadamak obasynyň çäginde bir gala, Garadamak obasyndan 1 km günbatarda ýerleşýän bir oba, Bekrewedäki bir oba bar.» – diýlip bellenilýär.

        Döwrümiziň belli taryhçy alymy Öwez Gündogdyýewiň «Aşgabat – Keramatly Ärsagyň şäheri» atly ylmy kitabynda paýtagtymyzyň adynyň Parfiýa döwletini esaslandyryjy Ärsak bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny ylmy esasda delillendirip, anyk-aýdyň aýan edýär we «Aşgabat diýmek – Ärsagabat diýmek»  diýen pikiri öňe sürýär. Diýmek, gözel paýtagtymyz dünýä siwilizasiýasynyň ösüşine önjeýli goşant goşan iň gadymy şäheriň merkezinde – boş ýatan Aşgabat obasynda 1881-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda esaslandyrylypdyr. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylymyzyň 25-nji maýynda – Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtymyzyň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýy ägirt uly baýramçylyk çäreleri dabaralandyrylar. Dünýä ýüzüniň göwher gaşyna öwrülen paýtagtymyz Aşgabat şäheri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen gysga döwrüň içinde tanalmaz derejede özgerdi. Gündizleri kuýaşly, gijeleri nurly gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheri köňüllerimiziň guwanjy, ýüreklerimiziň buýsanjydyr.

Durdygül AKMURADOWA,

S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok