Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda elektrik energiýasynyň ägirt uly gory döredildi. Munuň özi ýurdumyzyň milli energetika pudagy üçin, henize çenli görlüp-eşidilmedik, diýseň belent sepgitdir. Bu belent sepgide ýetmek bolsa, milli Liderimiziň bu pudagy düýpli ösdürmek babatda edýän yzygiderli tagallalarynyň esasynda mümkin boldy.
Döwlet Baştutanymyz energetika pudagynda innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagyna, elektrik desgalarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna we täzelerini gurmak boýunça iri taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilmegine uly üns berýär. Täze elektrik geçiriji ulgamlar barha uzalyp, ilatly ýerleriň we önümçiligiň energiýa bilen üpjünçiligi sazlaşykly guralýar.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan 2014-nji ýylda «Elektrik energiýasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi energetika pudagynyň durmuşynda uly waka boldy. Bu kanunda elektrik energetika pudagyň ýurdumyzyň ykdysady ulgamyndaky orny, onda işleriň guralyşynyň aýratynlyklary, energoüpjünçilik kärhanalarynyň we sarp edijileriň hukuklary, borçlary, elektrik energiýasynyň sarp edilişine gözegçilik we beýleki möhüm ugurlary öz beýanyny tapýar. Munuň özi ýurdumyzda milli energetika pudagynyň döwrebap derejede ösüşiniň kämil kanunçylyk binýadynyň döredilendigi görkezýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, ýurdumyzda elektrik geçiriji ulgamlaryň, paýlaýjy kiçi stansiýalaryň gurulmagy, könelişen elektrik geçirijileriniň çalşyrylmagy netijesinde şäherleriň we ilatly ýerleriň energiýa üpjünçilik we yşyklandyryş ulgamlary täzelenýär. Şeýlelikde, içerki sarp edijiler bökdençsiz üpjün edilýär we goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilýän möçberleri artdyrylýar.
Gülendam ESENOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalary
fakultetiniň “SDTTEHA” hünäriniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler