Bütindünýä Söwda Guramasynyň baş müdiri wezipesine şol guramanyň taryhyndaky ilkinji gezek zenan maşgala saýlandy. Guramanyň twitter sahypasynda berlen beýana görä, 15-nji fewralda 66 ýaşyndaky afrikaly zenan Ngozi Okonjo-Iweala Bütindünýä Söwda Guramasynyň täze baş müdiri wezipesine bellenildi.
Ol mundan öň Sanjym we immunizasiýa boýunça global bileleşigiň Baş geňeşiniň —«GAVI»-niň başlygy wezipesinde işleýärdi. Gurmanayň täze müdiri täze wezipesine ilkinji zenan baş müdiri Ngozi Okonjo-Iweala şu ýylyň 1-nji martynda işe başlar we 2025-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli bu wezipede işlär.
Ngozi Okonjo-Iweala şu wagta çenli dürli wezipelerde — Nigeriýanyň Maliýe ministri, Daşary işler ministri we Bütindünýä bankynyň dolandyryjy müdiri bolup işledi. Häzirki wagtda bolsa, Sanjym we immunizasiýa boýunça global bileleşigiň Baş geňeşine («GAVI») ýolbaşçylyk edýär.
Atageldi HAÝYDOW
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünyä dilleri inistitutynyň
iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler