Bir eseriň taryhy

Suratkeş Çary Öwwäýew okuwy tamamlap gelip, öz obasynda portret eserleriň ençemesini döreden ýeketäk suratkeşleriň biridir. Şeýle-de, suratkeşiň oglanlygy uruşdan soňky ýyllara gabat gelensoň, ol obanyň uruş we zähmet weteranlaryny  hut öz gözi bilen görüp, olaryň ençemesini kendiriň ýüzüne geçiripdir. Şolaryň biri hem “Zähmet weterany Jumasoltan Gandymowanyň portreti” atly uly göwrümli eseridir. Bu eseri synlap, onuň taryhy bilen bagly wakalary gyzyklanyp öwrenenimde, atamyň töwürden soň “ýetim ýesirleriň, ogulsyz-gyzsyz öten merhum ata-babalarymyzyň ruhuna bagş etdim” diýen sözleri aňymda gaýtadan janlandy.

Ynsan ogly ykbalynyň haýsy ýoldan ýöretjegini kysmatyna ýazylan ýazgytdan görýär. Elbetde, durmuşyň süýji günleriniň bolşy ýaly ajy günlerinden hem gaçyp gutulma ýok. Şeýle ynsanlaryň ençemesi ykbalyň ýaman urgusyny beýik watançylyk urşy ýyllarynda başyndan geçirdiler. Ykbaly meňzeş ynsanlara diňe bir obanyň ýa şäheriň belli ýerinde däl, eýsem, watanyň dürli künjeklerinde-de köp duşsa bolýar. Olaryň biri hem Çary Öwwäýewiň “Zähmet weterany Jumasoltan Gandymowanyň portreti” atly eseridir. Bu eseriň döredilenine kyrk ýyl çemesi wagt geçse-de,  eseriň gahrymanynyň soragly garaýyşy tomaşaçyny gozgalaňa salýar. Eserdäki Jumasoltan  enä (durmuşa çykyp gelen obasynda onuň täze gelindigine garamazdan) öz obasynda diňe daýza diýip ýüzlenipdirler. Hatda täze gelinligine garamazdan, oňa näme üçin daýza diýip ýüzlenilmeginiň sebäbini hiç kim bilmändir. Jumasoltan daýza suratkeşiň ýakyn hossarlarynyň biri bolup, onuň  başyndan geçiren wakalarynyň täsiri netijesinde bolsa gerek, onuň portretini uly göwrümli inedördül ölçegde şekillendiripdir. Ýaşyl begresli daýzanyň ýanýoldaşyny fronta ugradyp, nazaryny onuň ýoluna dikip oturan garaýyşynda çuň hasrat görünýär. Onuň garaşmakdan lagar düşen göwresi, çöňňelen gözleri köp kynçylyklary görendigini alamatlandyrýar. Ömrüni ýeke geçiren daýzanyň göreçlerindäki alaw onuň kükregini ýaryp gelýän ýüreginiň gussasyny daş çykarýar. Bary-ýogy on ýedi gün täze gelin bolan bu daýzanyň ykbaly türkmen zenanlarynyň täze nesli üçin göreldedir. Heniz ýigrimi ýaşy dolmadyk Jumasoltanyň  ýanýoldaşy Gandymy urşa almaga gelenlerinde,  ol Mary etrabynyň Zarpçy obasynda atasy öýünde gaýtarma gelin ekeni. Gaýyn atasy gaýtarma gelniň yzyndan ugradan arabasy habar bilen baranda, ýüregi howsala düşen gelin araba-da münmän, durmuşa çykyp gelen Milli goşun obasyna arabanyň gapdaly bilen ýöräp gaýdypdyr. Onuň näme sebäpden onça ýoly ýöräp gaýdany soralanda “Hat-da münesim hem gelmedi” diýip gysgadan syrly jogap beripdir. Gelin bolup gelen gününden on ýedi gün geçse-de ýanýoldaşynyň ýüzüne dikanlap seredip bilmedik Jumasoltan öýüne gelende eýýäm ýanýoldaşy Gandymy almaga gelen ekenler. Öýüň daşyna ähli dogan garyndaş ýygnanypdyr. Olaryň ählisi hem Gandymy taýly gezek gujaklap hoşlaşypdyrlar. Gezek täze gelin bolup başyna mahmal kürte atynan öz ýaryna ýetende, diňe dideler birek-birege bakyp hoşlaşypdyr. Hat-da, soňky gezek elinden tutmaga-da daş töweregindäkilerden utanan gelniň aýtmaly sözleri dodaklaryny jebis ýapyp duran ýaşmagyň astynda galypdyr. “Sag bol Jumasoltan! Men hökman gaýdyp gelerin” diýen iki agyz sözi onuň üçin doga ýaly keramata öwrülipdir. Ugradyljak maşyna münen hem bolsa ýaş ýigidiň galgadan eline mahmal kürtäniň aşagyndan çalaja eli bilen sagbollaşan ýaş gelniň aňynda bu waka doňdyrylan ýaly bolup galypdyr. Ýanýoldaşynyň urşa gideninden dört gün geçeninden soň täze gelinligine garamazdan kolhoza işe çykan Jumalsoltan köp wagtlap kolhozda brigadiriň kömekçisi bolup zähmet çekipdir. Ýogsa ýigidiň ýakynlary onuň atasy öýüne gitmegine-de rugsadyny beripdirler. “Ýok, ol maňa garaş gelerin diýdi ojagyny çolardyp bilmerin” diýip, gitmezligi ýüregine düwüpdir we şondan tä ömrüniň soňky gününe çenli şol ojagy saklap oturypdyr.  Uruş tamamlanandan birnäçe ýyl geçse-de, ýeke gezek hat habar gelmedik ýanýoldaşyna  garaşypdyr. Ençeme ýyl oba hojalyk işinde zähmet çeken  zenana, ýalňyz başyna aňsat däldigini gören ýolbaşçylar, ony obanyň bakja bagynda eneke bolup işlemegini teklip edipdirler. Entek gül meňzi ysgalmadyk daýza tebigatda zähmet çekmegi halaýandygyny aýtsa-da, soňra bakja bagynda zähmet ýoluny dowam etdiripdir. Özi perzentsiz ýalňyz galsa-da, obanyň bakja bagynda yhlas bilen zähmet çekipdir. Ol bu işde ençeme perzentleriň sallançagyny çekipdir. Perzent söýmedik, ýanýoldaşyna mähir bermäge ýetişmedik Jumasoltan daýza özüniň bar yhlasyny obanyň çagajyklaryna siňdiripdir. Onuň elinde terbiýelenen çagalar oňa özleriniň ikinji ejesi hökmünde garapdyrlar. “Ýekelik hudaýa ýagşy” diýen Jumasoltan daýzanyň dogany öz gyz perzendini oňa höwür hökmünde beripdir. Emma durmuşyň ýene bir urgusy onuň başyna gelýär. Onuň höwür diýip alan gyzjagazy ýaňy bir durmuşa çykanynda agyr kesele duçar bolup,  dünýeden ötüp gidiberýär.

Bu portret eserini suratkeş tomaşaça bakyp oturan görnüşde şekillendirýär. Emma onuň kalby has uzak ýyllaryň ýatlamasynda ýaşaýar. Daýzanyň bir wagtky nogta ýaly örülen gara saçlaryna gar ýagypdyr. Selçeňlenen ak zülpleri bolsa bu zenanyň dyr-pytrak bolan arzuwlaryny ýatladýar. Ömrüniň soňky günlerine çenli durmuş ýoluny ýeke geçiren zenana obanyň adamlary ýakyndan goldaw beripdirler. Ýellenen gabaklarynda gussa çöküpdir. Arka tarapyndaky dört gaňyrçakly keşe nagyşy bolsa, durmuşyň hem dünýäniň çar tarapynyň simwolydyr. Başyna daňynan gök ýaglygy onuň päk ahlaklylygyny nyşanlandyrsa, gyzyl köýnegi bolsa onuň garrap tapdan düşen hem bolsa täze gelinliginiň simwolydyr. Durmuş syryny ömründe içinde saklap, agzynda dişi galmadyk bu enäniň dodaklaryny jebis gysyp oturmagy, onuň mertliginiň alamatydyr. Döşüne dakan medallary bolsa urşuň yzynda galyp agyr işlerde zähmet çeken enäniň zähmet weteranydygyna şaýatlyk edýär.

Halk arasynda şeýle mert zenanlaryň ýaşap, ogulsyz-gyzsyz ötüp gitmegi bir tarapdan ýüregiňi awatsa, bir tarapdan şeýle türkmen eneleriniň biziň ene-mamalarmyzdygyna buýsanýarsyň.

Döwletmyrat Durdyýew,

Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň
 müdiriniň okuw-terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary,
TYA-ň taryh we arheologiýa institutynyň dalaşgäri,
sungaty öwreniji.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok