«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli sport çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Ilçihanasy Er-Riýad şäherinde sport ýaryşlaryny geçirdi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyldy. Futbol we küşt görnüşleri boýunça geçirilen ýaryşlar barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda maglumat berilýär.

Çärä Saud Arabystanyndaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, şeýle-de şol ýerde ýaşaýan türkmen wekilleri gatnaşdylar.

Ýaryşyň jemleýji böleginde üstünlikli çykyş eden gatnaşanlara Ilçihana tarapyndan baýraklar gowşuryldy we myhmanlara türkmen milli tagamlary hödür edildi.

Maral JORAÝEWA,

Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher
kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok