Türkmenistanda oba hojalygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan pagtaçylyk täze ekiş möwsümi bilen dowam edýär. Bu gymmatly ekini ösdürip ýetişdirmek we bereketli hasyl almak maksady bilen, ekerançylyk meýdanlarynda giň gerimli işler geçirilýär. Gowaça ekişi diňe bir oba hojalyk işleriniň başlanýandygyny aňlatman, eýsem, ýurduň ykdysady ösüşiniň we azyk howpsuzlygynyň berk binýadyny hem emele getirýär.
Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda gowaça ekişine badalga berildi. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 26-njy martda gowaça ekişine başlamaga ak pata berip, ýaşululardan ekişi “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi. Asylly däbe görä, ýaşulular Beýik Biribardan Watanymyzyň abadançylygyny, daýhanlaryň rysgally bolmagyny dileg edip, ekin meýdanlaryna ilkinji gowaça tohumlaryny atdylar. Soňra bu işe mehanizatorlar girişip, ekişi guramaçylykly dowam etdiler.
Gowaça ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, onuň ösüşi döwlet tarapyndan yzygiderli goldanylýar. Ýerleriň melioratiw ýagdaýynyň gowulandyrylmagy, suwaryş ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi hem-de ekin dolanyşygynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy bu ugurdaky möhüm çäreleriň hatarynda durýar. Mundan başga-da, tiz ýetişýän, ýokary hasylly we süýüminiň hili gowulandyrylan pagtanyň täze görnüşleri ekin dolanyşygyna girizilýär.
Ekiş möwsüminiň ýokary hilli we bökdençsiz alnyp barylmagy üçin dürli kysymly traktorlar we ekiji tehnikalar işjeň ulanylýar. Hususan-da, dünýäniň öňdebaryjy “John Deere” kompaniýasyndan satyn alnan, sanly ulgam arkaly dolandyrylýan döwrebap tehnikalar bu işleriň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem, ýerlerde tehnikalara gije-gündizleýin abatlaýyş hyzmatlary ýola goýulyp, mehanizatorlaryň öndürijilikli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.
Gowaça ekilýän meýdanlaryň hasyllylygyny artdyrmak we ekologiýa taýdan arassa önüm almak maksady bilen, biobarlaghanalaryň işi işjeňleşdirildi. Bu barlaghanalar ekerançylary gowaça zyýan berijilere garşy ulanylýan, tebigy esasly we ekologiýa taýdan howpsuz bioönümler bilen üpjün edýär. Şeýle usullar oba hojalyk önümçiliginde innowasiýa çözgütleriň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär.
Möwsümiň öňüsyrasynda welaýatlaryň dürli daýhan birleşiklerinde oba hojalygyny döwrebaplaşdyrmak, önümçilik netijeliligini ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak bilen baglanyşykly okuw maslahatlary geçirildi. Daýhanlar täze tehnologiýalar, ekinlere ideg etmek, suwaryş ulgamlaryny netijeli ulanmak ýaly meseleler boýunça tejribe alyşdylar.
Gowaça ekişi—daýhanlaryň yhlasly zähmetiniň başlangyjydyr. Ýurdumyzyň oba hojalyk işgärleri pagtaçylyk pudagynyň mundan beýläk-de ösmegini üpjün etmek üçin ähli tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýerleriň hasyllylygynyň ýokarlandyrylmagy we döwlet tarapyndan berilýän goldawlar pagtaçylyk pudagynyň depginli ösüşine itergi berýär.
Türkmen topragynyň berekedini artdyrýan pagtaçy babadaýhanlar şu möwsümde hem ýokary netijeleri gazanmak üçin agzybirlikde zähmet çekýärler. Döwletimiziň döredýän şertleri netijesinde, “ak altyn” ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, içerki we halkara bazarlarda Türkmenistanyň pagta önümleriniň abraýyny artdyrmaga uly goşant goşýar.
Çinar JORAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiň 2-nji ýyl talyby.
Teswirler