Türkmenistanda Halkara Nowruz baýramy ruhubelentlik bilen bellenildi

Türkmen halky asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelen Milli bahar baýramyny – Halkara Nowruz gününi dabaraly ýagdaýda, ruhubelentlik bilen garşylady. Bu ýyl hem Nowruz baýramy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” giň gerimde bellenildi. Baharyň gelmegi bilen tebigat täzelenýär, toprak janlanýar, Nowruz bolsa halkymyzyň ruhy galkynyşynyň we jebisliginiň nyşany hökmünde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar.

Gadymy döwürlerden bäri Nowruz topragyň janlanmagynyň, tebigatyň täzeden galkynmagynyň hem-de adamlaryň durmuşynda täze başlangyçlaryň alamaty bolup durýar. Bu baýram diňe bir tebigatyň gözelligini wasp etmek bilen çäklenmän, halklaryň agzybirligini, birek-birege bolan hormatyny we dostlukly gatnaşyklaryny berkitmekde hem möhüm orny eýeleýär.

Türkmenistan bu baýramy halkara derejesinde giňden belläp geçýär. ÝUNESKO tarapyndan 2009-njy ýylda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nowruz, 2010-njy ýylda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara Nowruz güni hökmünde ykrar edildi. Munuň özi Nowruzyň medeniýetleriň arasyndaky özara hormat goýmagyň we ynsanperwer gymmatlyklaryň nyşanydygyny tassyklaýar.

“Nowruz ýaýlasynda” guralan baýramçylyk dabaralarynda milli sungat we däp-dessurlar görkezildi. Sahna çykyşlarynda, folklor-etnografik eserlerde halkymyzyň Nowruz bilen bagly gadymy däpleri janlandyryldy. Baýramçylyk meýdançasynda türkmen obasynyň keşbi döredilip, halk senetçiliginiň we amaly-haşam sungatynyň iň owadan nusgalary görkezildi. Aýdym-sazly çykyşlar, halk döredijiliginiň dürli görnüşleri baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin çaýdy.

Nowruz baýramy diňe bir baharyň gelmeginiň däl-de, eýsem halkymyzyň jebisliginiň, dostlugynyň we abadan durmuşynyň dabaralanmasydyr. Türkmenistan bu milli baýramy her ýyl ruhubelentlikde garşylap, onuň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Jeýhun Jumaşow,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň III ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok