Arkadag şäheriniň dolandyryş çägini giňeltmek boýunça möhüm çözgüt kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň kabul eden täze kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 65 gektar meýdany Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi. Bu barada Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli geçirilen dabarada aýdyldy.
Arkadag şäheri häzirki zaman binagärlik ýörelgelerine, innowasiýalara we ekologiýa taýdan arassa çözgütlere esaslanýan taslama bolup, onuň giňeldilmegi şäherde täze desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň we innowasion taslamalaryň amala aşyrylmagyna giň ýol açýar. Şäheriň dolandyryş çäginiň giňeldilmegi, onuň infrastrukturasynyň hem-de dolandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna mümkinçilik döreder.
Bu üýtgetme bilen Arkadag şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri, bilim edaralary we beýleki zerur desgalaryň gurulmagyna giň mümkinçilik döreýär. Mundan başga-da, täze çäkleriň goşulmagy bilen şäherde ekologiýa taýdan arassa transport ulgamy, sanly dolandyryş platformalary we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar giňden ornaşdyrylar.
Bu möhüm çözgüdiň Arkadag şäheriniň geljekde halkara derejesindäki “akylly” şäherleriň birine öwrülmeginde uly orny bardyr. Şäheriň giňeldilmegi täze maýa goýumlary çekmek, ykdysady işjeňligi ýokarlandyrmak we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak maksady bilen strategiki ädim hökmünde kabul edilýär.
Täze dolandyryş çäkleriniň goşulmagy bilen Arkadag şäheri sebitde döwrebap ýaşaýyş we işewürlik merkezine öwrülmek bilen, ekologik taýdan arassa, tehnologik taýdan ösen we ilat üçin amatly şertleri hödürleýän şäher hökmünde tanalmakda dowam eder. Bu üýtgetme, ýurduň şäher gurluşyk strategiýasynyň täze ösüş ýoluna gadam basýandygyny görkezýär.
Aýjeren Baýmyradowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Teswirler