Iňlis dili häzirki wagtda dünýäde iň giňden ulanylýan dillerden biri bolup, onuň taryhy müňlerçe ýyl mundan ozal başlanypdyr. Bu dil dürli medeni, lingwistik we taryhy faktorlaryň täsiri bilen üýtgäp, häzirki zaman görnüşine gelip ýetdi. Iňlis diliniň ösüş taryhyny üç esasy döwre bölüp bolar: könelgi iňlis dili (Old English), orta iňlis dili (Middle English) we häzirki iňlis dili (Modern English).
Könelgi Iňlis Dili (Old English) – 5-11-nji asyrlar Iňlis diliniň düýbüni gadymy german taýpalary, esasan hem angllar, saksonlar we jütliler tutýar. Bu taýpalar V asyrda häzirki Beýik Britaniýa adasyna göçüp gelip, öz dillerini getirdiler. Şol döwürde ulanylýan dil anglo-sakson dili ýa-da köne iňlis dili hökmünde tanalýardy.
Bu döwürde iňlis dili köplenç german dillerine meňzeýärdi we häzirki iňlis dilinden düýpli tapawutlanýardy. Esasy aýratynlyklary: Sintaksis (grammatika) agyrdy, çekimliler we düşümlikler (cases) bar edi. Latyn we skandinaw täsiri güýçlendi. Eýýäm VII asyrdan başlap, hristian dininiň ýaýramagy bilen latyn sözleri girip başlady. IX-X asyrlarda wikingleriň basybalyşlary netijesinde şwesiýaly we norwegiýaly wikingleriň dili (Old Norse) köne iňlis diline täsir etdi. Beowulf – köne iňlis edebiýatynyň iň meşhur eseri.
Orta Iňlis Dili (Middle English) – 11-15-nji asyrlar 1066-njy ýylda bolan Normand basybalyşy iňlis diliniň taryhynda öwrülişik nokady boldy. Fransiýadan gelen normandlar Beýik Britaniýany basyp alyp, ýurduň dolandyryş sistemasyny üýtgetdiler. Netijede, iňlis dili fransuz we latyn dilleriniň güýçli täsirine sezewar boldy.
Fransuz dili ýokary gatlakda ulanyldy. Şalar we aristokratlar fransuz dilinde gepleşýärdiler, bu bolsa iňlis diline müňlerçe fransuz sözleriniň girmegine sebäp boldy (meselem, “government”, “court”, “judge”, “royal”). Iňlis dili ýuwaş-ýuwaşdan ýönekeýleşdi. Çekimliler we düşümlikler ýitip başlady. XIV asyrdan başlap, iňlis dili gaýtadan jemgyýetde giňden ulanylmaga başlady. 1362-nji ýylda iňlis dili Britaniýanyň resmi dili hökmünde kabul edildi. Geoffrey Chauceriň “The Canterbury Tales” eseri orta iňlis edebiýatynyň meşhur nusgasydyr.
Häzirki Iňlis Dili (Modern English) – 16-njy asyrdan şu güne çenli XVI asyrdan başlap, iňlis dili düýpli özgerdi. Uly ses üýtgemesi (Great Vowel Shift) diýlip atlandyrylýan fonetiki proses netijesinde iňlis dilindäki sesler özgerdi we häzirki görnüşine golaýlaşdy.
Şekspiriň we Renaissance döwrüniň täsiri güýçlendi. Şekspiriň eserleri iňlis diline ýüzlerçe täze söz goşdy.Iňlis dili dünýäniň dürli künjeklerine ýaýrady. Beýik Britaniýanyň kolonial ekspansiýasy bilen iňlis dili Amerikada, Awstraliýada, Hindistanda we beýleki sebitlerde giňden ýaýrady. XVIII-XIX asyrlarda resmi grammatika we orfografiýa tertipleşdirildi. Samuel Johnson 1755-nji ýylda ilkinji iňlis diliniň sözlügini (A Dictionary of the English Language) taýýarlady. XX asyrda amerikan iňlis dili uly täsir gazandy. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň ykdysady we medeni täsirleri netijesinde amerikan warianty dünýäde giňden ulanylmaga başlady. Iňlis dili taryhda dürli medeni we lingwistik üýtgeşmelere sezewar bolup, häzirki zaman görnüşine ýetdi. Onuň köki german dillerine gidýän hem bolsa, fransuz we latyn dillerinden uly täsir aldy. Häzirki wagtda iňlis dili tehnologiýa, ylym, diplomatiýa we dünýä medeniýetinde esasy dilleriň biri bolup durýar. Iňlis dili geljekde hem üýtgemegini dowam eder, sebäbi diller hemişe ösüşde bolýar. Globalizasiýa we tehnologiýanyň ösmegi bilen täze terminler we sözleýiş ýörelgeleri emele gelýär, bu bolsa iňlis diliniň geljekde-de güýçli we özgerýän dil bolup galjakdygyny görkezýär.
KAMILA Marawaýewa,
Içeri işler ministrliginiň institutynyň
dünýä diller kafedrasynyň iňlis dili mugallymy
Teswirler