Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Bu taryhy ähmiýetli resminama 2025-nji ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde, “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň 61-nji bendi boýunça tassyklanyldy.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa halkara jemgyýetçiligine ýüzlenip, ýurduň daşary syýasatynda Bitaraplyk hukuk derejesiniň möhüm ornuny nygtady. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi maglumat berdi.
Diplomatyň bellemegine görä, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyna ygrarlylygy ýurduň dünýä derejesinde parahatçylyk döredijilik işlerini yzygiderli alyp barmagyna şert döredýär. Çykyşyň dowamynda, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan ykrar edeninden bäri, ýurduň sebit we halkara derejede öňüni alyş diplomatiýasy bilen tapawutlanýandygy aýratyn nygtaldy.
Täze kabul edilen Kararnamada, bitarap döwletleriň çäkleriniň parahatçylyk gepleşikleri üçin ulanylmagynyň maslahat berilýändigi hem aýratyn bellenildi. Türkmenistan bu ugurda halkara başlangyçlary öňe sürüp, 2017-nji ýylda BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdirdi. Şeýle hem, BMG-niň çäklerinde Bitaraplygyň dostlary topary hereket edýär. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýyl bolsa, bu ugurda dürli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Haltäç ATABAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyñ
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniñ Medisina
ekologiýasy we gigiýena kafedrasynyñ mugallymy.
Teswirler