BMG – Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen Kararnamany kabul etdi

2024-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda hödürlenen «Merkezi Aziýa – parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň taslamasyna garaldy.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili Merkezi Aziýada parahatçylyk zolagynyň emele gelmeginiň sebitiň ýurtlary tarapyndan döredilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň institusional we hukuk binýadynyň netijesinde mümkin bolandygyny aýratyn belledi.

Şunuň bilen baglylykda sebitiň döwlet Baştutanlarynyň yzygiderli konsultatiw duşuşyklarynyň geçirilmegi ýaly hyzmatdaşlygyň ähli möhüm ugurlarynda sebitleýin dialogy ilerletmek üçin platforma döretmegiň ähmiýeti nygtaldy. Möhüm ähmiýetli taryhy wakalaryň hatarynda 2006-njy ýylda Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat sebiti döretmek barada Şertnamasyna gol çekilmegi, şeýle hem 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi görkezildi.

Kararnamada ýaýratmazlygyň we ýaragsyzlanmagyň ählumumy arhitekturasyny berkitmekde, öňüni alyş diplomatiýasynyň we parahatçylyk döredijiligiň gurallaryny ilerletmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ähmiýeti nygtalýar.

Rezolýusiýanyň 37 döwletiň awtordaşlygy esasynda biragyzdan kabul edilendigini bellemek zerurdyr.

Gülbahar AÝLYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok