Türkmenistan Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görýär

“Döwlet adam üçindir!”, “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen ýörelgelerden ugur alnyp, ähli ulgamlarda düýpli ösüşlere ýetilýän eziz Diýarymyzda demokratik özgertmeler barha dabaralanýar, Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişliginde eýeleýän orny has hem berkäp, halkara abraýy günsaýyn belende galýar. Ýurdumyz dünýäniň döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny saklap, ählumumy deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça oňyn başlangyçlary öňe sürýär.

Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlüp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasy strategiýasynda üstünlikli dowam etdirilýän asylly başlangyçlar halk häkimiýetliliginiň binýadyny pugtalandyrýar, her bir raýatyň, jemgyýetiň ýagty geljegi baradaky netijeli işleri artdyrmaga ýardam edýär. Netijede ýurdumyz durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş derejesi ýokarlanýar, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, giň gerimli maksatnamalar, taslamalar durmuşa geçirilýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň gol çeken Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şu ýylyň – “Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäheriniň Maslahat köşgünde geçiriler. Bu umumymilli forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen degişli toplumlaýyn işler amala aşyrylýar.

Şan-şöhratly ata-babalarymyzyň köp asyrlyk däplerine daýanyp, her bir işi halk bilen maslahatlaşyp çözmek häzirki döwürde döwrüň belent ruhunda öz beýanyny tapýar. Şu günler ýurdumyzda döwürleriň nesilleriň dowamatlylygyny, ata Watanymyzyň demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma işjeň taýýarlyk görülýär.

Türkmenistan Watanymyzyň üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanyp, alnyp barylýan asylly işlere saldamly goşant goşýan raýatlarymyz döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga giňden çekilýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk Maslahatynyň mejlisinde geçen döwürde alnyp barlan işleriň jemi jemlener, ýakyn we uzak möhletli geljek üçin ileri tutulýan wezipeler kesgitleniler, olary çözmegiň ýollary babatda tekliplere garalar. Bu geçiriljek nobatdaky Halk Maslahaty halkymyzyň agzybirligini hem jebisligini alamatlandyryp, ata Watanymyzyň ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe gitmeginde möhüm ädim bolup çykyş eder.

Firuza DOSÇANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok