ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi web saýtynyň habar bermegine görä, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Deli şäherinde geçirilýän ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň 46-njy mejlisine gatnaşýar. 

Nobatdaky mejlisiň işine Bütindünýä miras komitetiniň 21 sany agza ýurtlardan wekiliýetler, şeýle-de 1972-nji ýylyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky Konwensiýa gatnaşýan döwletlerden synçylar gatnaşýar.

Mejlisiň açylyşyna Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi we ÝUNESKO-nyň Baş direktory Odri Azule, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras komitetiniň Sekretariatynyň işgärleri, medeniýet ministrleri, Ilçiler, ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlaryň jogapkär sekretarlary we guramanyň dürli agza ýurtlaryndan degişli ugurdaky bilermenler gatnaşdylar.

Ýörite meýilnama laýyklykda, 23-25-nji iýul aralygynda Komitet Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen 124 gymmatlygyň ýagdaýyny gözden geçirer, olaryň 57-si Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen howp abanýan gymmatlyklardyr.

26-29-njy iýul aralygynda 27 gymmatlygy Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmek baradaky tekliplere garalyp, ondaky talapnamalar gymmatlyklaryň şu toparlary boýunça serediler: tebigy, garyşyk we medeni.

Abraýhan IKRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok