Astana şäherinde ŞHG-niň sammiti geçiriler

2024-nji ýylyň 3-4-nji iýulynda Gazagystanyň Astana şäherinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti geçiriler. Oňa 16 ýurduň döwlet we hökümet Baştutanlary, şol sanda Türkmenistanyň hem ýokary derejeli wekiliýeti gatnaşar.

Sammite Gazagystan, Hindistan, Eýran, Hytaý, Gyrgyzystan, Pakistan, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Belarus, Mongoliýa, Azerbaýjan, Katar, BAE, Türkiýe we Türkmenistan ýaly döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlary gatnaşar.

4-nji iýulda Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň başlyklyk etmeginde geçiriljek ŞHG-niň sammiti «Köptaraplaýyn gepleşikleri güýçlendirmek: durnukly parahatçylygy we ösüşi nazarlamak» atly tema bagyşlanar.

ŞHG-a agza ýurtlaryň Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we syýasy meseleleriň giň toparyna serederler. Mundan başga-da, Astana sammitinde Belarusyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna goşulmagy barada karar kabul ediler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Astana sammitinde ŞHG-niň başlyklygy Gazagystandan Hytaýa geçiriler.

Ysmaýyl ANNAMUHAMMEDOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok