Arkadag şäheri Medeniýet hepdeligine barýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna layýklykda, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Arkadag şäherinde Medeniýet hepdeligi geçiriler.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde dürli çäreler guralar. Şäheriň ýaşaýjylaryna hem-de myhmanlaryna çeperçilik sungatynyň eserleriniň sergileri, aýdym-saz konsertleri, teatr sahnalary, döredijilik duşuşyklary we beýleki medeni çäreler garaşýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Medeniýet hepdeligi 2013-nji ýylda ilkinji gezek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Şu ýyl bolsa Medeniýet hepdeligi Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok