Näme üçin Eýfel diňinde 9 ýyllap “Citroën” ýazyldy?

1925-1934-nji ýyllar aralygynda Eýfel diňi häzirki ýaly däldi. Onuň ýüzünde yşyklar bilen “Citroën” ýazgysy bardy.

Awtoulag markasy hökmünde tanalýan “Citroën” taryhyň dowamynda eden ägirt, batyrgaý we ajaýyp hereketleri bilen ägirt uly marka öwrüldi. Ýöne iň täsir galdyryjy ýeri “Citroën” adynyň Eýfel diňinde ýazylmagydy.

1919-njy ýylda Andre Citroën tarapyndan döredilen bu söwda markasy elmydama ägirt uly hereketleri amala aşyrmagy halaýardy. Mysal üçin, 1922-nji ýylda, 7-nji awtoulag ýarmarkasy açylmazdan ozal, Parižiň üstünde “Citroën” ýazgyly uçary uçurdy.

Üç ýyldan soň, mazmunymyzyň mowzugy bolan Eýfel diňini kärendesine aldy we ullakan bildiriş tagtasyna öwürdi. Minarada 250 müň lampa we 600 kilometr elektrik kabelleri bilen “Citroën” ýazgysyny yşyklandyrdy we kompaniýa 1934-nji ýylda ilkinji gezek bankrot howpuna düşýänçä bu ýazgyny aýyrmady.

Bu ajaýyp, özüne çekiji ýazgy birnäçe ýyl bäri Pariž gijelerini ýagtylandyrdy we Eýfel diňini dünýäniň iň uly bildiriş tagtasyna öwürdi. Hatda Ginnesiň rekordlar kitabyna “Dünýäniň iň uly mahabat ýazgysy” hökmünde girdi!

Wepa TÖRÄÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok