Astanada Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary geçiriler

2024-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda Astana şäherinde Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlary geçiriler. Bäsleşige 100-den gowrak ýurtdan 4 müňe golaý türgen gatnaşar.

Sport ýaryşlaryna we medeni çärelere 100 müňden gowrak tomaşaçynyň gelmegine garaşylýar. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlaryna Türkmenistan hem gatnaşar.

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasyna sportuň 20 görnüşi boýunça ýaryşlaryň, 10 görnüşinden bolsa görkezme bäsleşiklerini ýaýbaňlandyrmak meýilleşdirilýär.

Oýunlar «Çarwadarlar älemi» bolan Etnoaulda açylar. Etnoaula paýtagtyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň 30 müňe golaýy baryp biler. Oýunlar «Uly sährada duşuşyk» şygary astynda geçer.

Ýeri gelende belläp geçsek, Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň maksatnamasynda at çapyşyklary, göreşiň milli görnüşleri, adaty aň-paýhas oýunlary, söweş sungaty boýunça ýaryşlar, ok atmagyň, guş awlamagyň görnüşleri, şeýle-de etnik sport oýunlary ýaly dürli çykyşlar bar.

Amandursun DURDYÝEWA,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok