Sanly bilime badalga

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uly işler ýokary depginde amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, täze gurulýan binalary ýokary ösen tehnologiýalar bilen üpjün etmek bilim ulgamynyň ösmegine örän uly goşant goşýar. Bu işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlandyrylmagyna, ilatyň hal-ýagdaýynyň mundan beýläk-de gowulanmagyna oňyn täsir edýär. Häzirki döwürde ýokary tehnologiýalary ulanýan milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanly ykdysadyýete geçirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze, döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zaman ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň durmuşa geçirilýändigini görkezýär. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde ,,Sanly bilim ulgamy’’ atly portal taslamanyň ýola goýulmagy, bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan okuw sapaklary, internet bäsleşikleri berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny peýdalanmakda ägirt uly ähmiýete eýedir.

Ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, şeýle hem bilimiň ähli derejeleri üçin zerur elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini we olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutulýar. Sanly bilim ulgamyny yzygiderli ösdürip, ýaşlary belent maksatlara ýetmeklige ruhlandyrýan Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli, dünýä nusgalyk işleri hemişe rowaç bolsun!

Aýna ÇOPANOWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň
Lukmançylyk fizikasy we informatikasy
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok